JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti: emeli aň ulgamynda ABŞ bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyrys

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Senatynyň Energetika we tebigy serişdeler boýunça komitetiniň agzasy, Montana ştatyndan senatory Stiw Deýnsi kabul etdi.

Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Garaşsyzlygynyň şanly 250 ýyllygy mynasybetli myhmany we ABŞ-nyň halkyny ýene-de bir gezek gutlady.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklar birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak, düşünişmek ýörelgeleri esasynda yzygiderli ösdürilýär. Ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlyk köpugurly häsiýete eýe bolup, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlary öz içine alýar.

Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ýangyç-energetika, ulag, maliýe, bank, öňdebaryjy tehnologiýalar, emeli aň ýaly möhüm ugurlarda ABŞ bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny tassyklady. Ýurdumyz tebigy serişdeleriň baý gorlaryna eýe bolmak bilen, energiýa serişdelerini ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak strategiýasyny durmuşa geçirýär hem-de öndürijileriň, sarp edijileriň we üstaşyr geçirijileriň bähbitlerini deň derejede nazara almak esasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda çykyş edýär. Hormatly Prezidentimiz energetika babatda sebitde geljegi uly Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisini durmuşa geçirmäge ABŞ tarapyndan berilýän ünse we goldawa ýurdumyzyň ýokary baha berýändigini aýdyp, bu taslamanyň sebitde ykdysady ösüşi, hyzmatdaşlygy berkitmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 2026-2027-nji okuw ýyly üçin okuwa kabul ediş möwsümi başlaýar

Balkan we Mary welaýatlaryna täze häkimler bellendi

Lebap welaýatyna täze häkim bellenildi

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasyna täze ýolbaşçy bellenildi

“Nesil” gazetine täze baş redaktor bellendi

Türkmenistanda täze medeniýet ministri wezipä bellendi

Ata Watan Eserleri