BIZNES

OGT 2026: Türkmenistan daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen birnäçe ylalaşyklara gol çekdi

Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» (OGT 2026) atly halkara maslahatynyň we sergisiniň ikinji gününiň tamamlanmagy mynasybetli, Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen Hytaýyň, Malaýziýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň kompaniýalarynyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalar toplumyna gol çekmek dabarasy boldy.

Gol çekilen ylalaşyklar nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny, şol sanda deňiz bloklaryny özleşdirmegi, hyzmat ediş hyzmatlaryny we ýöriteleşdirilen enjamlary üpjün etmegi öz içine alýar:

  • Hazar deňziniň türkmen bölegini özleşdirmek: «Türkmennebit» döwlet konserni bilen Hytaýyň milli offşor nebit korporasiýasy (CNOOC) Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler. Resminama Hazar deňziniň türkmen böleginde bloklar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir.

  • Nebitgaz hyzmatlary we enjamlary: «Türkmennebit» döwlet konserni Malaýziýanyň Nebit serişdeleri korporasiýasy (Malaysian Petroleum Resources Corporation) bilen Özara düşünişmek hakynda ähtnama baglaşdy. Bu gol çekilen ylalaşyk nebitgaz hyzmatlary we enjamlary ulgamynda hyzmatdaşlygy göz öňünde tutýar.

  • Turba önümlerini satyn almak: «Türkmengaz» döwlet konserni Özbegistanyň «Galperin adyndaky Daşkent turba zawody» JÇB bilelikdäki kärhanasy bilen dürli diametrli turbalary üpjün etmek barada şertnama baglaşdy. Türkmenistanyň tarapyndan şertnamada Döwlet ministri — «Türkmengaz» DK-nyň başlygy Maksat Babaýew, özbek tarapyndan bolsa kärhananyň direktory Wiktoriýa Susepina gol çekdiler.

  • «Türkmennebit» döwlet konserni Hytaýyň “TENERGY TIANJIN CO., LTD” “kompaniýasy bilen turba önümlerini satyn almak boýunça şertnama baglaşdy.

  • «Türkmennebit» DK turba önümlerini üpjün etmek boýunça ýene bir şertnamany KSP Steel (Gazagystan) kompaniýasy bilen baglaşdy.

Gol çekilen ylalaşyklara seslenip, daşary ýurtly hyzmatdaşlar Aşgabatdaky çäreleriň guralyş derejesiniň ýokarydygyny we Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň strategiki ähmiýetini bellediler.

Related posts

Türkmen gazynyň Azerbaýjana iberilen möçberi artdyrylar

Ata Watan Eserleri

Maý aýynda Türkmenistanyň Hytaýa gaz eksporty 5 göterim artdy

Ata Watan Eserleri

GDA-nyň ykdysady Geňeşiniň 111-nji mejlisi Aşgabatda geçiriler