JEMGYÝET

Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

2026-njy ýylyň 22-nji oktýabrynda Batumi şäherinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Gruziýanyň Wise-premýeri, Daşary işler ministri Maka Boçorişwiliniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda ministrler Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň iýun aýynda Gruziýa amala aşyran döwlet saparynyň ähmiýetini nygtadylar.

Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ulag-logistika we ynsanperwer ulgamlarda ösdürmegiň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şunuň bilen baglylykda, hereket edýän ulag geçelgeleriniň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmagyň we üstaşyr ulag mümkinçiliklerini giňeltmegiň möhümdigi bellenildi.

Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki halkara guramalaryň çäklerinde özara gatnaşyklara aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar hem-de hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça konstruktiw dialogy dowam etdirmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.

Related posts

Halk Maslahatynyň Başlygy Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrýar

Türkmenistanyň daşary işler ministri Burundi we Çadyň ministrleri bilen telefon söhbetdeşligini geçirdi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2029-njy ýyl – “Ulag arabaglanyşygy ýyly” diýlip yglan edildi

Ata Watan Eserleri