Doganlyk Türkiýe döwletiniň Ankara şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni hepdeligini dabaraly ýagdaýda belläp geçmek indi ençeme ýyldan bäri ýörite däbe öwrüldi. Bu dabaryň guralmagynda we däbe öwrülmeginde Türkmenistanyň Ankaradaky ilçihanasynyň hem-de ilçihanynyň ýanynda açylan Magtymguly ylmy barlag merkeziniň goşandy uludyr.
Türkiýede bilim alýan türkmen talyplary türk we daşary ýurtly talyplar bilen bilelikde gatnaşyp bu dabarany dürli çäreler bilen şatlykly şüweleňe öwürýärler.
Her ýylda geçirilýän we däbe öwrülen şatlykly çäreleriň biri-de Ankara uniwersitetiniň Dil we taryh-geografiýa fakultetiniň Häzirki zaman türki dilleri we edebiýatlary kafedrasynyň günorta-günbatar toparçasynda okap, Magtymgulynyň dilini, türkmenleriň ene dilini we edebiýaty içgin öwrenen talyplaryň gutardyş dabarasynda Magtymgulynyň heýkeliniň öňünde “uçurym serpaýyny” geýme şüweleňidir.
Doganlyk Türkiýe döwletiniň iň ýokary okuw mekdepleriniň biri-de 80 ýyldan bäri ylym-bilim boýunça ýadawsyz hyzmat berýän Ankara uniwersitetidir. On dokuz sany fakulteti özeninde birleşdirýän bu uniwersitetiň iň düýpli fakultetleriniň biri-de Dil we taryh-geografiýa fakultetidir.
Bu fakultetiň tutuş türk dünýäsini öz içine alýan kafedralarynyň biri-de Häzirki zaman türki dilleri we edebiýatlary kafedrasydyr. Kafedra tanymal türkolog, filologiýa ylymlarynyň doktory, professor Fatma Sema BarutJu Özönder müdirlik edýär.
Kafedrada filologiýa ylymlarynyň doktory M. Erdem, Seljan Saglyık-Şahyn ýaly mugallymlaryň ýadawsyz hyzmatlary esasynda türkmen filologiýasyna degişli dürli dersler, türkmen dil bilimi we edebiýaty bilen baglanyşykly ylmy çeşmeler, türkmen şahyrlardyr ýazyjylarynyň eserleri içgin öwredilýär.
Tejribeli türkolog, professor Fatma Sema Barutju Özönderiň hemaýatlary bilen Ankara uniwersitetinden türkmen filologiýasy bilen baglanyşykly ýaş alymlary ýetişdirmeklige hem aýratyn üns berilýändigini bellemek gerek.
2026-njy ýylyň 27-nji iýuny Türkmenistanda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni dabaraly bellenilýär. Ankarada geçirilýän türkmen milli şahyry Magtymgulynyň şygyr günlerine “Biziň kafedramyzyň hem çaklaňja ylmy goşandy bolsun” diýen ýaly, gürrüňi edilýän kafedrada bir hepdäniň dowamynda iki sany ylmy dissertasiýa goraldy.
Birinji dissertasiýanyň, ylmy işiň awtory: Meýrem Berdiýewa, türkmen gyzy, orta mekdebi Türkmenistanda tamamlan, ýokary mekdebi bolsa Ankara uniwersitetiniň Dil we taryh-geografiýa fakultetiniň Häzirki zaman türki dilleri we edebiýatlary bölüminde gutaran we häzirki zaman türki dilleri boýunça synaglardan üstünlikli geçip,ýokary magistrlik okuwyna girmeklige hak gazanan.
Ylmy ýolbaşçysy: Ankara uniwersitetiniň Dil we taryh-geografiýa fakultetiniň Häzirki zaman türki dilleri we edebiýatlary kafedrasynyň müdiri, tanymal türkolog, filologiýa ylymlarynyň doktory, professor Fatma Sema Barutcu Özönder.
Ylmy temasynyň ady: “J.Budenz’in Hive Türk Ağzı Derlemeleri (1865) ve Derlemelerin Diline Temasdilbilim Açıdan Bir Bakış” (Jozsef Budenziň Hywa türkmen gepleşikleri boýunça toplan materiallary (1865) we şol materiallaryň diline arabaglanyşyk dil bilimi taýyndan bir garaýyş).
Germaniýada doglan, wenger dilini içgin öwrenen we bu diliň tejribeli hünärmeni, tanymal türkolog Jozsef Budenziň Hywa eden syýahatynda toplan materiallarynyň onuň doglan gününiň 190 ýyllygynda bir türkmen ýaş alymy tarapyndan Ankara uniwersitetinden goralmagy ünsi özüne çekiji maglumatdyr. Türkmen milli akyldary Magtymguly Pyragy hem Hywada üç ýyllap bilim alypdy.
Ylmy seljeriş toparynyň agzalary bu dissertasiýanyň örän şowly çykandygyny belläp, oňa magistrlik ylmy dereje berip, ylym älemine hoş geldiň diýdiler.
Ikinji dissertasiýanyň, ylmy işiň awtory: Merwe Gün, türk gyzy, orta mekdebi, ýokary okuw mekdebini Türkiýede gutaran. Ençeme ýyllap türk dili we edebiýaty mugallymy bolup işlän we häzirki zaman türki dilleri boýunça synaglardan üstünlikli geçip, ýokary doktorantura girmeklige hak gazanan.
Ylmy ýolbaşçysy: Ankara uniwersitetiniň Dil we taryh-geografiýa fakultetiniň Häzirki zaman türki dilleri we edebiýatlary kafedrasynyň türkmen dili mugallymy, filologiýa ylymlarynyň doktory, Türk dil guramasynyň habarçy agzasy Berdi Saryýew.
Ylmy temasynyň ady: “Türkmen Türkçesi Açıklamalı Sözlüklerinin Yapısal Özelliklerinin (S-1962 ve S-2016) Karşılaştırmalı İncelenmesi” (Türkmen diliniň düşündirişli sözlükleriniň (S-1962 we S-2016) gurluşy taýyndan aýratynlyklarynyň deňeşdirilip öwrenilişi).
Türkmen diliniň sözlüklerini içgin derňeýän Merwe Gün häzirki wagtda-da Türk Dil Guramasy tarapyndan alnyp barylýan sözlük proýektiniň türkmen toparynyň işjeň agzasydyr.
Dissertasiýanyň ylmy seljeriş toparyna dört sany filologiýa ylymlarynyň doktory, professor gatnaşyp, ylmy işe ýokary baha berdiler.
Türkmenistanyň Ankaradaky ilçihanasynyň Adatdan daşary doly ygtyýarly ilçisi hormatly Mekan Işangulyýew türk doktaranty Merwe Güni ylmy derejesi bilen gutlap, türkmen filologiýasyna goşan goşandy üçin sag bolsun aýtdy.
Türk doktoranty Merwe Gün hem öz gezeginde Türkmenistanyň Ankaradaky ilçihanasynyň ilçisine minnetdarlyk bildirip, şeýle diýdi: “Türkmen halkynyň milli akyldary Magtymguly Pyraga nähili hormat goýandyklaryny biz ylmy işlerden anyk bilýäris. Türkmen sözlüklerine ylmy esasda ser salanymyzda, 1962-nji ýylyň sözlüginde Magtymguly Pyragynyň eserlerinden alnan mysallar ýok diýen ýaly derejede azdygyny kesgitledik, emma Gurbanguly Berdimuhamedowyň umumy redaksiýasy bilen 2016-njy ýylda çap edilen iki tomluk “Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginde” bolsa 1050-den gowrak Magtymgulynyň eserlerinden mysal alnandygyny anykladyk.
Hormatly ilçi, bu ýagdaý bolsa türkmen halkynyň öz akyldar şahyryna, milli mirasyna, däp-dessuryna Garaşsyzlykdan soňra hemmetaraplaýyn we doly eýe çykandygynyň delilnamasy hökmünde düşündirilip bilner”-diýdi.
Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ylym-bilime, ýaş alymlary ýetişdirmeklige, türkmen milli akyldary Magtymguly Pyraga hormat goýmaklyga aýratyn üns berilýär. Türkmenistanyň Ankaradaky ilçihanasynyň ilçisi hormatly Mekan Işangulyýewiň şeýle dabaraly wakalara ýakyndan gatnaşyp, talyp ýaşlara we ýaş alymlara ýokary baha bermegi bolsa doganlyk Türkiýe döwletindäki anyk nusgasyny şöhlelendiriýär.
Seraý ÜSKAÝ,
Ankara uniwersiteti
Dil we taryh-geografiýa fakulteti
Häzirki zaman türk dilleri we edebiýatlary kafedrasy,
Günorta-günbatar toparçasynyň talyby
