JEMGYÝET

Arkadag şäherinde gurulýan metjit «Arkadagyň ruhy metjidi» diýlip atlandyrylar

Gypjakdaky Türkmenbaşynyň ruhy metjidinde ýurduň dindarlarynyň maslahaty geçirildi. Oňa ýurduň din wekilleri we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşiniň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Ýaşulular geňeşiniň agzalary gatnaşdylar.

«Watan» habarlar gepleşiginde bellenilişi ýaly, maslahatyň dowamynda birnäçe guramaçylyk meselelerine garaldy. Onda bellenilişi ýaly, hajy Arkadagyň ynsanperwer ýörelgeleri Arkadagly hajy Serdaryň beýik tutumlarynda öz beýanyny tapýar. Türkmen ilinde ýol çekmek, köpri gurmak, bina galdyrmak sogap iş hasaplanylýar. Şunda metjit gurmagyň aýratyn sogaplydygyny bellemek ýakymly. Şunuň bilen baglylykda, Juma namazyna ýygnan ýaşulularyň maslahatynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň tagallasyndan binýat bolan täze şäherde gurulýan 30 müň orunlyk nurana metjidi «Arkadagyň ruhy metjidi» diýip atlandyrmak baradaky teklip öňe sürüldi. Munuň özi hajy Arkadagyň täze şäheriň döwrebap derejede gurulmagy ugrunda edýän tagallasy we halkdan gelip gowşan köpsanly teklipleriň alynmagydyr.

Maslahata gatnaşan ýaşulularyň hemmesi teklibi goldap Arkadag şäherinde gurulýan metjidi «Arkadagyň ruhy metjidi» diýlip atlandyrylsa ýerine düşer diýip bellediler.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Malaýziýa täze ylalaşyklara gol çekdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Seýit Jemaleddin metjidinde sadaka berdi

Türkmenistanda täze müfti wezipä bellendi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti: “Petronas” kompaniýasy 12 milliard dollara golaý maýa goýdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen “Petronas” täze önümi paýlaşmak hakynda şertnama gol çekdi

Ata Watan Eserleri

Anwar Ibrahim: Türkmenistanyň önümlerini ASEAN döwletlerine eksport etmäge taýýardyrys