BILIM

Türkmen küştçisi Mähri Agamuradowa Aktobedäki ýaryşda üstünlikli çykyş etdi

Türkmenistanyň küşt boýunça milli ýygyndysy Gazagystandaky okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň çäklerinde 3–11-nji iýunda Aktobe şäherinde geçirilen “Wladimir Dworkowiçiň Memorialy – Aktobe Open 2026” atly halkara küşt ýaryşyna gatnaşdy.

Ýaryş 9 tapgyrdan ybarat bolup, şweýsar ulgamy boýunça geçirildi we Masters we Open atly iki kategoriýalary öz içine aldy. Oňa dünýäniň 21 döwletinden 210 küştçi, şol sanda 23 grossmeýster gatnaşdy.

Ýaryşda ýurdumyzyň türgeni Mähri Agamuradowa (FIDE reýtingi – 2049) üstünlikli çykyş etdi. Open kategoriýasynda 6 utuk toplap, 15-nji orny eýeledi we ýaryşyň ähli zenan gatnaşyjylarynyň arasynda iň gowy netijäni görkezdi. Üstünlikli çykyşy netijesinde ol FIDE reýtingine 83,2 punkt goşup, aýal-gyzlaryň arasynda FIDE-niň ussady (WFM) sport derejesine laýyk gelýän reýting görkezijisine ýetdi.

 

Mähri 16 ýaşynda bolup, Türkmenabat şäherindäki daşary ýurt dillerini ýöriteleşdirilip öwredýän mekdebiň 10-njy synp okuwçysydyr. Onuň küşt boýunça tälimçisi Güljahan Owlýakulyýewadyr. Türgeniň işjeňligi, maksada okgunlylygy we oňyn garaýşy onuň oýun stilinde hem aýdyň şöhlelenýär.

 

Ýaryşyň netijeleri boýunça milli ýygyndynyň beýleki wekilleri hem reýtingleriniň ösüşini gazandylar:

 

  • Ogulsuraý Baýrambaýewa (1944) – +8,2 punkt;

 

  • Jahan Rejepowa (2057) – +26,8 punkt;

 

  • Leýla Şöhradowa (2081) – +5,2 punkt.

 

FIDE reýtingi 2400 baldan ýokary bolan küştçileriň çykyş edip bilýän Masters kategoriýasynda geljegi uly bolan küştçi Amanmuhammet Hommadow (FIDE reýtingi – 2385) wekilçilik etdi. Onuň garşydaşlarynyň arasynda alty grossmeýster we bir halkara ussady bardy.

 

Ýaryşyň netijesinde Amanmuhammet öz reýtingini 10,6 utuk ýokarlandyrdy we halkara ussady (IM) derejesiniň kadasyny ýerine ýetirmäge has-da golaýlaşdy.

 

Masters kategoriýasynyň ýeňijisi ABŞ-dan bolan grossmeýster Endrýu Hong (reýtingi – 2587) boldy. Open kategoriýasynda bolsa Gazagystanyň FIDE ussady Alan Petuhow (reýtingi – 2308) birinji orny eýeledi.

 

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň taýýarlygy dowam edýär. Toparyñ  öňünde dünýä küşt senenamasynyň iň möhüm ýaryşlarynyň biri – sentýabr aýynda Samarkand şäherinde geçiriljek 46-njy Bütindünýä küşt olimpiadasy garaşýar.

Ýene-de okaň

Ylmy bäsleşikde ýeňiji bolan ýaşlaryň 170-si sylaglandy

Amerikada mugt okuw : “Hýubert Hamfri adyndaky talyp haky”

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanyň alymlaryna ylymlaryň doktory we ylymlaryň kandidaty derejeleri berildi

Türkmenistanyň uniwersiteti daşary ýurtly uniwersitetler bilen täze ähtnmalara gol çekdi

Türkmen talyplary «Huawei ICT Competition 2025–2026» bäsleşiginde 3-nji orna mynasyp boldylar

Türkmenistan-ABŞ: täze bilelikdäki uniwersitet taslamalary maslahatlaşylýar