Türkmen boksçysy Hursand Imankulyýew “WBC Eurasia” ugry boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk 29-njy maýda Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda “WBC Eurasia Boxing Night” halkara boks agşamynyň çäklerinde geçirildi.
Çärä meşhur sport işgärleri, şol sanda Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň wise-prezidenti Otabek Umarow hem gatnaşdy.
Imankulyýew tanzaniýaly boksçy Adam Daça garşy ynamly ýeňiş gazanyp, tutluşygyň eýýäm birinji raundda möhletinden öň tamamlady. Türkmen türgeniniň garşydaşy professional derejede 8 ýeňşi, 1 ýeňlişi we 1 deňme-deňligi bolan tanzaniýaly boksçydyr. Tutluşyk ýarym orta agramda (69,8 kg çenli) geçdi.
Hursand Imankulyýew — halkara derejeli sport ussasy, Türkmenistanyň 10 gezekki çempionydyr. Ol şeýle hem dünýä çempionatlarynda we Aziýa oýunlarynda ýurdumyza wekilçilik etdi. 2017-nji ýylda Yslam raýdaşlygy oýunlarynda bürünç medaly gazandy, 2018-nji ýylda bolsa Polşada geçirilen Feliks Ştamm adyndaky XXXV halkara ýaryşynda ýeňiji boldy.
Geçirilen bu tutluşyk Imankulyýewiň professional derejedäki ilkinji gazanan derejesi boldy.
“World Boxing Council” (WBC) — 1963-nji ýylda düýbi tutulan, dünýäniň öňdebaryjy dört boks guramasynyň biridir. “WBC Eurasia” ýaryşy sebitara çempionlyk guşagy bolup, ol guramanyň resmi reýting ulgamyna girýär.
