Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe paýtagtymyz Aşgabat dünýäniň iň owadan şäherleriniň biri, Aziýanyň merjeni, parahatçylygyň merkezi hökmünde bütin dünýäde tanalýar. Aşgabadyň Garaşsyzlyk ýyllaryndaky gurluşyklarynda Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň mynasyp goşandy bar.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheri ýurduň we sebitiň syýasy, ykdysady, dolandyryş, jemgyýetçilik, diplomatik, işewür, ylym-bilim we medeni işjeňligiň iri merkezi hökmünde giňden tanalýar. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda amatly ýerde ýerleşen bu gadymy mekanda 1881-nji ýylda esaslandyrylan Aşgabat şäheriniň üstümizdäki ýylda 145 ýyllygy bellenýär.
Döwlet Garaşsyzlygy ýyllary içinde paýtagt şäheri düýpgöter özgerdi, gözelleşdi, täsin şähergurluşyk keşbine eýe boldy, çägi giňeldildi. Aşgabady mundan beýläk-de ösdürmeklige uzak geljegi nazara almak bilen, tapgyrlaýyn meýilnamalar esasynda toplumlaýyn çemeleşilýär. Şäherde taryhy merkez bilen birlikde tutuş etraplaryň durky täzelendi. Täze ýaşaýyş jaý toplumlary, täsin binalar, häzirki zaman awtomobil ýollary, köp sanly ýadygärlikler, suw çüwdürimleri, seýilgähler peýda boldy. Özboluşly binagärlik keşbi bolan desgalary özünde jemleýän ýüzlerçe ymaratlar bina edildi. Şähergurluşyk boýunça täze meýilnamalar bu ulgamda innowasion tehnologiýalary, ylmy-tehniki ösüşiň öňdebaryjy gazananlaryny, iň gowy dünýä tejribesini işjeň ornaşdyrmaga giň mümkinçilik döredýär.
Aşgabat şäheriniň milli binagärlik sungatynyň döwrebap ýörelgeleri bilen utgaşyp gidýän desgalary dünýäniň binagärlik gymmatlyklarynyň arasynda mynasyp orun eýeleýär. Köpsanly binalar halkara derejesinde geçirilýän binagärlik bäsleşikleriniň abraýly baýraklaryna mynasyp boldular. Aşgabadyň täsin desgalary Ginnesiň rekordlar kitabynda ýer aldy, türkmen paýtagty dünýäde ak mermerli binalaryň has köp jemlenen şäheri hökmünde hasaba alyndy. 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda Aşgabadyň ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna «Dizaýn» ugry boýunça girizilmegi, Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyjyna bag ekmek dabaralary arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin halkara güwänamanyň berilmegi paýtagtymyzyň halkara derejesindäki abraýyny has-da artdyrdy.
Milli binagärlik ýörelgeleriniň häzirki zaman ülňüleri bilen sazlaşyp gidýän paýtagtymyzyň binagärlik gurluşygynda halk bähbitli ähli amatlyklaryň şertdir mümkinçilikleriň göz öňünde tutulmagy Milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!», hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ajaýyp ýörelgeleriniň durmuş hakykatyndaky aýdyň beýanydyr.
Ak mermerli paýtagtymyzda ajaýyp binalar, durmuş ulgamyna degişli desgalar, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, önümçilik kärhanalary yzygiderli ulanmaga berilýär. Türkmen gurluşykçylary tarapyndan häzirki zaman ýaşaýyş-durmuş ülňüleri giňden ornaşdyrylyp, bina edilýän desgalar ähli zerurlyklar, şol sanda aragatnaşyk düzümleri bilen üpjün edilýär. Paýtagtymyzda bina edilýän täze önümçilik, medeni-durmuş, ylym-bilim, saglyk, sport maksatly desgalar, döwrebap ýaşaýyş jaýlary diňe bir baş paýtagtymyzyň görküne görk goşmak bilen çäklenmän, ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulanmagynda-da uly ähmiýete eýedir.
Şu günler ýurdumyzyň dürli künjeklerinde Aşgabat şäheriniň gününe bagyşlanan çärelerdir dabaralar geçirilýär. Şeýle dabaralaryň biri-de Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde geçirildi. 21-nji maýda Döwlet muzeýinde Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli “Arzuwlaryň ak şäheri” atly sergi guraldy. Bu sergide Döwlet muzeýiniň gaznasyndaky gymmatlyklar görkezilýär. Onda paýtagtymyz Aşgabadyň geçmişi, häzirki güni hem-de geljegi barada gyzykly maglumatlar berilýär.
Aşgabat şäherimiz häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň şähergurluşyk syýasatynyň ugry bilen dünýäniň iň owadan we arassa şäherleriniň biri hökmünde tanalýar. Ýurdumyzda gurluşyk senagatyny ösdürmek, halk bähbitli medeni we durmuş desgalaryny gurup, ulanmaga bermek esasy ugurlaryň biri bolup durýar.
Eziz Watanymyzy, ak mermerli mähriban paýtagtymyzy beýik ösüşlere besleýän, halkymyzyň eşretli durmuşda bagtyýarlykda ýaşamagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun!
Enegül Ballyýewa,
Türkmenistanyñ Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň uly ylmy ișgäri.
