TESWIRLER

Oguz Türkmenleriň öz elipbiý bolupdyrmy?

Ýusup Azmun,

professor, dilçi we edebiýatçy alym

Bu ýazgy Azerbaýjanda Iňlis dilinde, Turkiýede bolsa türk dilinde çap edildi. Häzir bolsa şol  makalalaryň biraz giňeldilen görnüşini size ýetirýäris.

Sebäbi bu mowzuk Türkmenleri köpräk gyzyklandyrjagy üçin makalany Türkmen dilinde hem ýazmaga karar berdim. Türkmenler üçin ýazylany üçin käbir ýerlerini üýtgetdim ýa-da olara goşmaça maglumat goşdum.

Atlary soňradan türkmen bolan we güýçli Gaznewid we Seljuk döwleti ýaly beýik döwletleri guran oguzlaryň musulman bolmalaryndan öň hem bir hili elipbiý ulanan  bolmaly. Bular, Araplar Orta Aziýa gelenden soňra ýazuwy ýatlaryndan çykaran bolmaly.Araplaryň  birinji eden işleri arap dilinde mekdep açmak bolupdur. Türkmenleriň häzirki molla mekdepleri şol döwürden galan arap medepleriniň dowamydyr. Edil şol wagt müňlerçe arap maşgalaiary Mary töweregine ýerlerşdirdiler. 1960-njy ýyla çenly Türkmenistanda arap dilinde gepleýänler bardy. Aýdylşyna görä Özbekistanda häzirem arapça gepleýänler bar.  Araplardan ata, hoja, şyh, seyit ýaly taýpalar döräpdir. Bular Türkmenleriň durmuşynda uly ýeri bolan haly dokuma sungaty bilen köplenç gyzyklanmaýarlar.

Haly dokuma müňlerçe ýyl öň ösen  bir gözel sungatdyr. Türkmen halylarynyň budizm we şamanizm bilen bolan baglanşygy ylmy barlagçylaryň ünsüni çekýär. Türkmenler uzak wagtyň dowamynda öz duygularyny, durmuş filosofiýalaryny we ýaşan töwerekleriniň gözelliklerini hala geçiripdirler we özlerine mahsus bolan nagyş, motif we tehnikalary ösdüripdirler. Bu motifleriň simýolizmi türkmenleriň gözellik we estetik agtaryşyny düşündirýär. Mysal üçin  gaty disiplinli we garyşyk düzgünlere bagly bolan  halynyň kompozisýonynyň käbir aýratynlygyndan turkmenleriň poetik töwerek perspektiwini göz öňüne getirmek bolar. Gyzyl reňk türkmenleriň artistik düşünjesinde gowy ýer tutan bir reňk. Gyzyl reňk bu gün türkmen sungatynda giňden ulanylýan reňkdir. Türkmen halylarynyn reňki-de esasan gyzyldyr. Halynyň gadymky reňki bolsa narynjydy. Bu reňkiň zerdüşt dininde Gün kulty bilen baglanşyklydygyna ynanylýar. Gadym rus padyşalaryndan birine sowgat edilen bir türkmen halysynyň reňki-de narynçy.

Türkmen halysynyň iň meşhur nagyşynyň ady göldür. Bu at şamanizm filozofiýasynyň iň möhüm elementi bolan yir-sub (yer we suw) bilen baglanşyklydyr. Bular şamanizmde mukaddes elementlerdir. Şamanizmde yer de mukaddesdir. Ýeriň iň mukaddes ýeri de taňrynyň yşygynyň ilk degýän ýeri dagdyr. Bu ýerde ýaşaýan dag goçy ýa-da ayrak-da mukaddes görülýär. Bu haýwanyň gadymky ady goňurbaş. Türkmenler köp gadym döwürlerde bu mukaddes haýwan üçin mukam döredipdirler. Goňurbaşyň şahynyň suraty Türkmen keçesiniň nagyşy bolupdur. Gadym zamanlarda Türkmenler eýeri-de goňurbaşyň şahyna meňzedipdirler. Ok-ýaýda, ýaý-da goçuň şahyna meňzedilipdir.

 

Ýokarda aýdylyp geçişi ýaly Türkmen halysynyň iň möhüm motifine göl diýilýär. Her taýpaň özüne mahsus göli bardyr. Gadym wagtlarda göl halkyň gerbi ýaly görülýärdi. Söweşen taýpalardan ýeňiji ýeňilene öz göllerini dokatýarlardy. Bu gün türkmen edebi dilinde göle halyň göli bilen garyşmasyn diýip köl diýlipdir. Oguz toparynda bu söz göldür. Bu topar söz başynda /k/ däl /g/ sesiniň tarapdarydyr. Gypjak we Karluk toparlarynda söz başynda mydam /k/ sesi bolar. Onuň üçin köl gazak, gyrgyz ýaly halklaryň dinde bardyr. Muny-da şu ýerde belläp geçeli.

Türkmen klassyk şahyrlarynyň türkmen dilinde ýazmagy

Asyrlar boýunça döwlet edarasynyň dokumentleri we ýuristik dokumentler arap elibiýi bilen yazylypdyr. Hatda mazar daşlary ýa arap harplary bilen ýa-da arap dilinde ýazylypdyr. Medreselerde türkmenleriň we başga Orta Aziýa halkynyň okuwy arap dilinde ýerine getirilipdir. Bu okuw häzirki zamanda-da türkmen molla mekdeplerinde dowam edýär. Edebi eserler köplenç ýa arap ýa-da pars dillerinde ýazylýardy. Şeýle-de bolsa sungat gözelligine eýe bolan arap harplary türkmen halylarynyň nagyşlaryna girmändir. Türkmenler birnäçe Gök Türk runic harplaryny halylarynda nagyş görnüşinde ulanypdyrlar. Türkmen halylaryň iň köp nagyş görnüşinde ulanylan runik harplar köplenç B, T we R haplarydyr.

XI-nji asyrda Gaznewidler döwründe, pars dilinde ýazylan edebiýatyň ösmäge başlan wagtynda, yazylan türki eser ýok diýiljek derejede az bolan bolsa-da Türkmen halk edebiýaty ähmiýetini dowam ettirýärdi. XI-jı asyryň güýçli şahyry Menuçehri aşakdaky setirlerinde türkmen halk goşgularyna uly ähmiýet beripdir.   Türkmen halk edebiýaty pars dilinde ýazan käbir şahyrlara täsir eden bolmaly. Orta Asýanyň uly şahyry Menuçehri bir goşysynda Türkmen halk goşgularyna bolan haýranlygyny dile getirýär:

                            براه ترکی مانا که خوبتر گویی              تو شعر ترکی بر خوان مرا و شعرغزی

                            Iň gözelini Türk dilinde aýdýan ýaly görünýärsiň,

                            Iň gowusy sen maňa Türkçe we oguzça goşgy oka.

XVII-njı asyrdan soňra türkmenler öz dillerinde  edebi eser döretmäge başlapdylar. Öňki oguz hökümdarlary köplenç pars we arap edebiýatyna üns beripdiler. Ylaýta-da Seljuklylar parsça ýazylan edebiýaty iň beýik mertebesine ýetirdiler. Soňra, ylaýta-da Buharda yaşaýan türkmenler çagataý dilinde ýazyp başladylar. Bu dil soňra özbek diline öwrüleni üçin Sofy Allayar we Wefayi ýaly şahyrlar özbek şahyrlary hasap edilýär. Türkmen dili we edebiýaty XVII-nji we XVIII-nji asyrlarda, ylaýtada Magtymgylynyň türkmen edebiýatyna goşan uly goşantlaryndan soňra doly ösdi. Bu döwürde türkmen şahyrlary arap we pars dillerinden uzak durup milli dili halka yakyn getirmäge çalyşdylar.

XVII-nji asyrda ýaşandygyna ynanylan türkmen şahyry Şakendi/ Şakandydan dört-bäş goşgy galypdyr. Arap harplarynyň mukaddesdigine ynanan fanatik mollalaryň gazabyna duçar bolmajak bolup  arap dili barada yazan şygyrlaryny çistan (tapmaça) görnüşinde yazypdyr. Bu şahyr arap diliniň gurluşyk taýdan türkmen diline hiçbir meňzeýän tarapy bolmadygyny beýan edýär.  Şygyr şeýle:

                         Bir agyzdan yigrim sekiz ses çykar,                                                                                          

                          Örän tutuk birbirinden pes çykar,                                                                                                      

                          Gözi kördür ýene jahana bakar,                                                                                                                                               Sözläbilmän was was eder ol ýylan.

Bu şygyrda geçen yigrim sekiz, araplaryň yigrim sekiz harpyny we sesleriniň garmagaryşyk çykýandygyny düşündirýär  (Bekmyradow 1987:57).  

  Bu şahyryň ýaşan döwründe türkmen mollalary arap harplarynyň gökden inendigine ynanýan bolmaly. Şahyr başga bir goşgusynda bu yagday garşysynda haýran galanyny gizlemändir:

                                             “Bu görnetin bize asmandan indi”

                                              Diýşip jedel edýär millet biz bilen.

Bu ýerde ulanylan millet sözi şahyryň atlaryny aýtmakdan çekinýän mollalardyr.

XVIII-nji asyr türkmen klassyk şahyry Andalyp, Oguznama atly eserınde  ýok bolan ýa-da ulanylmakdan galan elipbiýi gyýnanyp ýatlaýar. Şahyr bu elipbiýiň halka eden hyzmatyna ýokary baha berip onuň başyna gelen gyýnançly ýagdaýa agy ýazýar. Meşhur türkmen dilçi alymy Hydyrow bu barada şeýble ýazýar:

Ýokarda aýdylyşy ýaly, öňden dowam edip gelen elipbileri bolsa araplar ýoga çykarýarlar. Käbir ýazyjylar şol elipbiýiň araplar tarapyndan ýok edilişini hut öz bolşunda beýan etmäge çekinen hem bolsalar, başga her hilli ýollar bilen onuň aradan çykyşyny suratlandyrypdyrlar we öz gynançlaryny bildirýän setirleri galdyrypdyrlar. Oňa oguz elipbiýiniň ýok edilişi hakynda “Oguznama” habar berýän aşakdaky setirleri görkezmek bolar.

                                                 Bir asmany bela inip nehandan,

                                                Yuwutdy ol dürli gymmat bahany.                                                                                                                                       Tiriklikde zerdir ol bizge jandan,

                                                Oguz owladynyň ruhy-rowany.

 

                                              Yaşyň üç müňden aşyp dörtge mindi,

                                               Bu ýaşda çekmediň renji yzany.                                                                                                                                         Oguz owladydan aýryldyň indi,

                                            Ke bizlerge goýup matam gazany.

                                             Seni asman aždarhasy yuwutdy,

                                            Sen anyň garnyda tutduň mekany.                                                                                                                                        Jemalyňdan jahan köňlün sowutdy,

                                           Men oldum Andalyp waspyň ýazany.    (Hydyrow M. N., 1962:16)

Şahyryň tapmaça görnüşinde yazylan we halk aýdymyna öwrülen başga bir goşgusynyň birinji bendi şeýle:

                                                Atasy akyl, enesi nakyl,

                                               Bir gyz dogulmyş yigrim dört şekil,                                                                                                                                      Şuýaňlyg gözel, milletiň ýary,

                                             Bul bizden owal bolsa-da zary. (Edil şol ýerde)

Bu şygyrda, yigrim dört şekilli gyz yigrim dört harpy aňladýan yaly[1].

XVIII-nji asır türkmen klassyk şahyry Şeýdaýy, ýok bolan elipiýler üçin  gözel yigrim bäş redifli bir elegiýa ýazýar. Şygyrdaky gaýtalanan gözel ýigrim bäş redifi, ýok bolan yigrim bäş harpy aňladýandygy açykdyr. XVII-nji asyr türkmen şahyry Şakendi ýaly, Şeýdaýy-da bu gogusyny tapmaça görnüşinde ýazypdyr. Çünki o döwürde, ýokarda aýdylşy ýaly arap elipbiýiniň mukaddesdigine ynanýan köp türkmen fanatigi bardy. Aşakda goşgynyň elipbi meselesine açyklyk getirýän iki bendi görkezilýär:

                                                          Şeýle gulaga ýakymly,

                                                     Sözledim Gözel Ýigrim Bäş.                                                                                                                                                    Niçe owazy çekimli

                                                     Yzladym Gözel Ýigrim Bäş.

                                                          …………………………………

                                                  Ýedisinden owaz çykyp,                                                                                                            

                                                 On sekizin tartar çekip,

                                               Üç müň ýaşda bagryn ýakyp,                                                                                                  

                                                Bozladym Gözel Ýigrim Bäş.

(Merdoýş N.ş 1978:12)                                                                                                                

 Bu goşguda geçen Ýedisinden  owaz çykyp / On sekizin tartar çekip görnüşündäki setirden, ýok bolan üç müň ýyllyk elipbiýiň ýedi çekimli sesi, on sekiz- de çekimsiz sesi garşylaýandyňygyny aňlaşylýar.

 Türkmeniň ahwaly atly goşgusynda Şeýdaýy, :

                                             Arap Ajam her bir zada goşuldy,

                                                     Sanly düzgün bilen saýran dillerim.                                                                                                                                 Kem-kem özün çekip ýoga daşyldy,

                                                Indi din öýünde haýran dillerim.

                                                          ………………………………………..

                                                    Hiç, milletiň gulagyna ýokanok,

                                                 Dogry diýsem zamanama ýakanok,                                                                                                                                     Kemin ýazsam dogry many çykanok,

                                                  Güň bolupdyr şindi, saýran dillerim.

                                                            …………………………………………….

                                                  Şeýdaýy diýr, kelam, mantyk eýesi,

                                                 Indi ony hiç kim gelmez diýesi,

                                           Arap dili boldy sözler güýesi,                                                                                                           

                                       Dartyşyp dört ýana saýran dillerim.     (Meredow, A., 1978: 11)

Ýokardaky goşgulardan türkmenleriň (oguzlaryň)  öň bir elipbileriniň bolandygyny görkezýär. Bu elipbiden gadym türkmen diliniň ýedi çekimli sesi, 18 çekimsiz sesi bolandygy aňlaşylýar. Şeýdaýy bu elipbiýiň üç müň ýyl ömri bolandygyny yazýar, Andalyp-da onuň ýaşynyň üç müňden geçip dört müňe girendigini aýdýar. Käbir türkmen alymlary bu şahyrlaryň düşündirýän elipbiýiniň oguzlaryň tagmalary bilen baglanşykly bolup biljegine ynanýarlar. Orta Aziýadaky yslam dininden öňki mazar daşlary barlanmaly. Gadym mazar daşlardaky käbir figuralar öleniň taýpasynyň ady bilen baglanşykly bolup biler. Üç müň ýyllyk elipbi bulardan örän ir ulanylan bolmaly.

Eýranyň Türkmen Sähra regionynda, Gökje Dag eteginde Halat Nebi mazarynyň ýanynda bir wagtlar örän köp garpyz görnüşli mazar daşlary bardy. Bu daşlary ýa kapyryň daşy diýip owradypdyrlar, ýa-da olar ýok bolupdyr. Eýranda we başga ýerlerdäki türkmen mazar daşlary hakynda ylmy Iş alyp barýan Eýran türkmeni, Muhmut Paýdar birinde togalak mazar daşy bardygyny eşidipdir. Baryp görse daşyň eýesi içinde hazyna barmyka diýip daşy ortasyndan kesipdir; hazyna tapmansoň-da iki bolegini yabşyrypdyr. Mahmut Paýdar soňra bu daşdan öwrenenerini Eýranda bir jurnalda ýazypdyr (Paydar, 2001: 11-16). Paýdar, Gazagystanda, gadym oguzlaryň, soňra-da türkmenleriň ýurdu bolan, soňra Gazaklaryň basyp alan yeri Maňgyşlakda-da Gökje Dagda owradylan garpyz görnüşli  daşlary görüpdir. Yöne  daşlaryň üstünde ýazgy galmandir; pozulupdyr. Togalak daşlaryň oguzlaryň ýaşan ýerlerinde tapylmagy gyzykly. Çünki Gökje Dagyň eteginde daşlar owradylmazdan öň aşakda görkezilen Oguzlara degişli bolandyklaryna ynanylan üýtgeşik mazar daşlary we balballar bardy:

 

 

 

Hakykatdan-da balballer oguzlara (türkmenlere). Bular hytaýly ýa-da ýapnýaly däl. Bu-da garpyz görnüşli, üsti belgili mazar daşlary-da oguzlara degişli bolmaly.

Aşakday, garpyz görtnüşli mazar daşynyň suraty:

 

 

Ýokarda aýdylşy ýaly Paýdar üsti belgili bir daşy görüpdir. Soňra-da onuň üstündäki belgileri tertibe salyp, toparlara aýrypdyr. Her topardan birbirnde tapawutly belgiler bar. Bu toparlaryň ikinjisinde birbirinden az tapawutly yedi belgi bar. Bularyň her biri çekimli sesi görkezýän belgi bolup biler. Bular Şeýdaýynyň “Ýedisinden owaz çykar” setirini ýada salýar. Şonuň üçin olaryň ýedi çekimli ses üçin ulanylýan belgiler ýa-da elipbiler bolup biler.

Elbette dogry bir tekst tapylmasa bulara elipbi diýmek dogry bolmaz. Gyýnansak-da yüzlerçe üsti belgili daş ýok edilipdir. Eger bu garpyz görnüşli daşlar wagtynda barlansady olaryň üstündäki belgilerden maglumat toplamak mümkin bolup bilerdi. Elbetde, daşy gazna tapmak üçin kesen adamyň daşy dogry ýabşyryp ýabşymadygy-da belli däl.

Mahmut Paýdaryň toparlara aýran belgileri:

 

“Ýedisinden owas çykar” setirini ýada salan belgiler:

 

 

Ýokarda Türkmen halylarynda Gök Türk elipbiýine meňzeş nagyşlaryň bardygyny aýdylypdy. Ýokardaky belgilere meňzeş nagyşlary da Türkmen halyusynda görýäris:

 

 

 

 

 

Plýus belgisi şamanizmde Taňryny görkezýär. Türkmenlerde bu belgi Gurhan bukjasy, namazlik we tahýada-da bar.

Aşakda-da bir şamanyň depreginde Taňry belgisi bar.

 

 

 

Aşakdaky halyda gabsa gölüniň gyralarynda Gök Türk Runik alfabesiniň T harpy g,rünýär. Halyň aşak ujundaky üç nagyş-da iki başly  bürgüdi görkezýär.

 

 

Mary ýakynynda 4000 ýyllyk bir medeniýetiň yzlaryny tapan rys arheolog Wiktor Sarianidis 2008-de Aşgabatda açylan halkara haly konfrensiasynda ady geçen medeniýetde ulanylan simýollaryň türkmen halysynda bardygyny aýtdy we olary türkmen halysynyň motifleri bilen garşylaşdyryp olary ekranda görkezdi.

Türkmen alymy Begmyrat Gereý, Türkmenistanda Oguznama hakynda geçirilen ylmy konferensiadaky çykyşynda ýazgynyň ideogram bilen baglanşygyny bildirdikden soňra rus alymy Wadim Massonyň 1987-de nemes dilinde çap edilen kitabyndan göçürip Türkmenistanda tapylan alty ideogramyň Elam hökümdarlygy, şumereler we Hindistanda Harappa medeniýetiniň gaýtalanmyş görnüşi bolandygyny aýtdy.

Aşakda Massonyň kitabyndan alynan simwollar:              

 

 

Masson, simwollary şeýle tertibe salypdyr:

1. Türkmenistanyň günortasynda tapylan symwollar

2. Elamda tapylanlar

3. Ir Şumer döwründe ulanylan tagmalar

4. Harappa medeniýetinde tapylanlar (Masson, 1972:38).

Ýokarda görkezilen simwollar-da garpyz görnüşli mazar daşlarynyň üstündäki türkmenleriň iň gadym döwürlerde ulanylan harplar we simwollaryň mekany bolupdyr. Motifleriňmi harplardan alynandygyny ýogsa harplaryňmy motiflerden alynandygyny bilmek örän kyn.

 

 

Bu meseleler barada köpräk bilgi edinmek üçin serediň. Azmun Y. (2018), “What We Learn from Turkmen Carpets,” ÇÜTAD, 3(2), 36-73 we “Türkmen Halısından Yansıyanlar”, ESOGU Tarih Dergis, C. 3, No. 2, 2020.

 

 

Ýusup Azmun,

professor, dilçi we edebiýatçy alym

Bu eserde beýan edilýän pikirler we garaýyşlar dolulygyna awtoryň özüne degişli bolup, “Ata Watan Media” bu eseri Size redaksiýon garaşsyzlygynyň çäginde, awtoryň asyl görnüşinde ýetirýär. Beýan edilen pikirler “Ata Watan Media”-nyň resmi garaýyşlaryny aňlatmaýar.

 

[1] Aslynda yigrim bäş bolmaly. Birinji harpyň Oguz Han üçin aýrylandygyna ynanylýar.

BIBLIYOGRAFIÝA

Amid, H. (1343 Hıjri-Şemsi), Ferheng-e Amid, Tehran.

Azmun, Y. (1998), “Unraveling the Knot – An Etymology of Ghereh”, No. 15, Torino.

Azmun, Y. (2017), Söz Kökümız, Öz Kökümiz, Gün, Stockholm.

Azmun Y. (2018), “What We Learn from Turkmen Carpets,” ÇÜTAD, 3(2), 3673.

Bekmyradov, A. (1987), Andalyp hem Oguznamaçylyk, Ylym, Aşgabat.

Clauson, G. (1972), Dictionary of Pre-Thirteenth-Century Turkish, Oxford University Press, Oxford.

Derleme Sözlüğü (1991), tdkÖ Ankara.

Hamzayev, M. Y. (redaktor), Türkmen Diliniň Sözlügi, TSSR, Ylymlar Akademiýasy, Aşgabat.

Hydyryov, M. N. (1962), Törkmen Diliniň Taryhyndan Materiallar, Okuwped, Aşgabat.

Lessingş, F. D. (2003), Moğolca-Türkçe Sözlük (Çeviren: G. Karaağaç), TDK, Ankara.

Masson, V. M. (1987), Das Land der Tausend Städte: Ausgrabungen in d. Südl. Sowjetunion, Bauýerland, GmbH, Wiesbaden, Berlin.

Masson, V. M. & V. I. Sarianidi (1972), Central Asia: Turkmenia before Achamenedes, London.

Paýdar, M. (2001), “Koreha-ye Sengi ve Tamghaha-ye Bastani-ye Turkmen Sahra, Ýaprak Žurnaly, Eýran.  

 

 

 

Ýene-de okaň

Atoglanmy ýa-da çapyksuwar? At medeniýeti bilen baglanyşykly söz

“Türkmen” sözünıň gelıp cykyşy : Beýik Türk diýmekmi?

Häzirki Zaman Pars Dilinde Türkmen we Türki Sözler

Türkmen gowurma nahary – türki sözleriň iňlis diline geçişiniň nyşany

”Kaşyk” we ”Kalam” – Galam” sözleri barada: Söz kökümiz-öz kökümiz

Bir ýanýoldaş gidende, gidýän diňe bir öýdäki ýoldaşyňyz däl