SPORT

Habi Alonso «Çelsi» toparynyň baş tälimçisi boldy

Ispaniýaly Habi Alonso «Çelsi» toparynyň baş tälimçisi wezipesine bellendi. Bu barada iňlis futbol klubynyň resmi saýtynda habar berilýär.

Ol «Çelsi» bilen dört ýyllyk şertnama gol çekdi we 1-nji iýuldan başlap öz wezipesine girişer.

22-nji aprelde «Çelsi» Liam Rozenýory wezipesinden boşadypdy, şondan bäri baş tälimçiniň wezipesini wagtlaýynça Kalum Makfarleýn ýerine ýetirip gelýär.

Häzirki wagtda «Çelsi» Angliýanyň çempionatynyň dokuzynjy orny eýeleýär. Toparyň Angliýanyň premýer-ligasynda oýnamaly ýene iki duşuşygy galdy we ol möwsümiň netijeleri boýunça ýewrokuboklara gatnaşmak hukugyndan mahrum bolmak howpy bilen ýüzbe-ýüz dur.

44 ýaşly Habi Alonso soňky gezek Ispaniýanyň «Real» toparyna tälim beripdi, ol bu kluba 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda baş tälimçi bolupdy we 2026-njy ýylyň 12-nji ýanwarynda wezipesinden boşadylypdy. Şondan öň bolsa ol «Baýer» toparynda işläp, üç ýylyň dowamynda Germaniýanyň çempionatyny, Kubogyny we Superkubogyny gazanmagy başarypdy.

Futbolçylyk döwründe bolsa Alonso «Liwerpul we «Real» toparlarynyň düzüminde milli we ýewropa klub bäsleşiginiň ýeňijisi boldy, şeýle hem «Bawariýanyň» düzüminde Germaniýada çempionlyk titullaryny gazandy.

Ýene-de okaň

“Zenit” topary 11-nji gezek Russiýanyň çempiony boldy

«Gamba» topary AFK-nyň Çempionlar ligasy-2-niň kubogyny gazandy

«Seltik» toparynyň 56-njy rekord çempionlygy

«Mançester Siti» topary Angliýanyň Kubogyny gazandy

Türkmen ýygyndysy türki döwletleriň arasyndaky birinji küşt olimpiadasyna gatnaşýar