SPORT

Ýewropa klublarynyň ýitgisi

Iki möwsümde Ýewropa klublary COVID-19 pandemiýasynyň täsiri sebäpli dört milliard ýewro ýitirip biler.

Ýewropa klub birleşiginiň habar bermegine görä, Ispaniýa, Italiýa, Angliýa, Fransiýa we Germaniýa çempionatlarynda ýitirilen umumy girdejisi 4 milliard ýewro çenli bolup biler. Olaryň arasynda iňlis “Premýer ligasy” has köp ýitgi çekdi. Onuň ýitgisi 1,35 milliard ýewro çenli bolmak ähtimallygy bar.

Klublar adatça girdejileriniň 60 göterimini aýlyk üçin sarp edýärler. Ýöne indiki  möwsümde bu görkeziji ýokarlanmagy mümkin.

Iýun aýyndan bäri Ýewropada ýaryşlar Ispaniýa, Italiýa, Germaniýa, Angliýa we Portugaliýa tarapyndan täzeden başlandy.

Related posts

Batrakow soňky bäş ýylda Çempionlar ligasynda gol geçiren ilkinji rus futbolçysy boldy

Ata Watan Eserleri

Amerika 65 ýyldan soňra dünýä çempiony boldy

Ýewropa çempionatynyň ykbaly