SPORT

Elektrik ulaglaryny ulanjak ilkinji futbol topar

Çempionlar ligasynyň çempiony “Bawariýa” topary “Audi” bilen ençeme ýyl bäri dowam edip gelýän hemaýatkärligiň çäginde elektrik awtoulaglaryny ulanjak dünýäde ilkinji futbol topary boldy. Şeýle hem, “Audi” toparynyň oýunçylary tarapyndan ulanyljak elektron modellerine zarýad bermek üçin “Bawariýanyň” türgenleşik meýdançasy “Sabern Strasse”-de zarýad beriş bölümlerini ýerleşdirdi.

Hemaýatkärlik şertnamasyny 2029-njy ýyla çenli uzaltmak bilen “Audi” kompaniýasy toparyň oýunçylary we tehniki topary tarapyna elektrik model ulaglaryny gowşurdy.

19 elektron modeliniň gowşurylmagy bilen “Bawariýa” topary elektrik ulagy ulanjak ilkinji futbol topary boldy. Toparyň kapitany Neuer öz çykyşynda: «“Bawariýada” çykyş edýän döwrümde “Audi ”modellerine şaýat boldum. On ýyl ozal ilkinji awtoulagym dizel ýangyjy bilen işleýän “Audi” kysymly “Q7 TDI” boldy. Indi elektrik “Audi” sürýärin» — diýip, buýsanjyny beýan etdi.

 

Bilim Sahypamyz

Ylym we bilim baradaky habarlar, şeýle hem ýurdumyzda we daşary ýurtlarda bilim almak bilen baglanyşykly täzelikleri we maglumatlary bu sahypamyzdan tapyp bilersiňiz!

Ýene-de okaň

Ýamal: Ispaniýa we Fransiýa dünýäniň iň güýçli ýygyndylary

Konor Makgregor tutluşyga çykýar

Fransiýa ilkinji ýarym finalçy boldy

Messiniň çempionatda 8 goly bar, Ronaldonyň ähli dünýä çempionatlaryndaky gol sany 7

Arbeloa «Fulhemiň» baş tälimçisi boldy

Şweysariýa çärýek finalda Argentina bilen duşuşar

Ata Watan Eserleri