SPORT

Ýewropanyň iň güýçli derwezebany “PSŽ” toparyna geçdi

Fransiýanyň “PSŽ” topary täze möwsümiň öňüsyrasynda düzümini barha güýçlendirýär. “Liwerpul” toparyndan Jorjinýo Weýnaldumy, “Inter” toparyndan Aşraf Hakimini hem-de “Real Madrid” bilen şertnamasy tamamlanan Serhio Ramosy satyn alan fransuz topary Ýewropanyň iň güýçli derwezebany bilen hem şertnama baglaşdy.

“Milan” toparynda çykyş eden Janluiji Donnarumma “PSŽ” topary bilen 2026-njy ýyla çenli şertnama baglaşdy. Donnarummanyň “Milan” toparyndaky şertnamasynyň möhleti tamamlanyp, ol erkin futbolçy bolupdy.

22 ýaşly derwezeban “Napoli” we “Milan” toparlarynyň akademiýasynda tälim aldy. Ol 2015-nji ýylda “Milan” toparynyň düzümine goşuldy.

Donnarumma Italiýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 33 duşuşykda çykyş etdi. Ol Ýewropa çempionatynda iň gowy futbolçy saýlandy.

 

Pandemiýa döwründäki ýitgisi

 

Related posts

Türkmenistan Hytaýyň Taýbeýini 2:1 hasabynda ýeňdi

Çempionlar ligasynyň bijesi: “Mançester Siti” – “Bawariýa”

Ata Watan Eserleri

Afrikanyň ägirdi – Maneli Senegal

Ata Watan Eserleri