SPORT

“Bawariýa” topary özbek futbolçy bilen gyzyklanýar

Germaniýanyň “Bawariýa” topary Özbegistanyň milli ýygyndysynyň we Russiýanyň “SSKA” toparynyň ýarymgoragçysy Abbosbek Faýzullaýew bilen gyzyklanýar. Bu barada futbol hünärmeni Anton Smirnow özüniň jemgyýetçilik torunda habar berdi.

Smirnowyň bellemegine görä, Faýzullaýew öňden bäri german toparyna gyzyklanmasyna eýe bolupdyr. German topary ony Özbegistanyň milli ýygyndysynyň ýaşlar toparyndan bäri yzarlap gelýär.

Russiýanyň “SSKA” toparynyň düzüminde çykyş edýän Abbosbek Faýzullaýew Katarda geçirilýän Aziýanyň Kubogy ýaryşynda hem Özbegistanyň ýygyndysynyň düzümine oňat çykyş etdi.

Related posts

Ildeşimiz Berdiýew “Soçi” toparyna tälim berer

Ata Watan Eserleri

Sport janköýerlerine ýene-de bir “El-Klasiko” garaşýar

Germaniýa 12 ýyldan soňra pleý-off tapgyryna çykdy