SPORT

“Kolorado” – çempion

Amerikanyň Milli hokkeý ligasy NHL-de final duşuşyklarynyň netijesinde “Kolorado” topary ýeňiş gazandy. bu topar 2021/2022-nji möwsümde Stenli kubogynyň ýeňijisi boldy.

“Kolorado Ewalanş” topary final duşuşyklarynda “Tampa Beý Laýntning” topary bilen duşuşdy. Soňky duşuşykda “Kolorado” topary 2:1 hasabynda ýeňiş gazandy.

Geçirelen 6 duşuşygyň netijesinde, “Kolorado” topary 4:2 hasabynda ýeňiş gazandy. Bu topar 2001-nji ýyldan soňra ilkinji gezek çempion bolmagy başardy. “Kolorado” topary öz taryhynda üçünji gezek (1996, 2001, 2022) Stenli kubogyny gazandy.

Pleý-off tapgyrynyň iň gymmatly oýunçysy “Kolorado” toparyndan Keýl Makar boldy. Bu toparyň düzümindäki rus hokkeýçi Waleriý Niçuşkin ilkinji kubogyny gazandy.

 

Gazagystanyň Prezidenti Hazar sammitine gatnaşýar

 

Related posts

Koutinýo ýene-de Angliýa dolandy

Türkmenistan bilen Katar futbol hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar

Ata Watan Eserleri

Türkmen futbol toparlary AFK-nyň kubogynda bu ýyl aýry-aýry toparçalarda ýaryşar