SPORT

Futbol – ägirt uly ykdysadyýet

Halkara Futbol Federasiýasynyň prezidenti Janni Infantino Indoneziýanyň Bali adasynda geçirilen G-20-ligiň sammitinde çykyş edip, futbolyň ykdysadyýeti barada belläp geçdi.

– Hormatly ýolbaşçylar, siz dünýäniň iri ykdysadyýetlerine wekilçilik edýärsiňiz. Maňa hem şu ýerde futbolyň ykdysadyýeti barada kelam agyz söz aýtmagy makul bildim. Belki, siz bilýänsiňiz, dünýä futbolynyň jemi içerki önümi 300 milliard dollara golaýlaýar. Futbolyň muşdaklarynyň 90 göterimi Ýewropada ýaşaýar. Şonuň üçin Ýewropa jemi içerki önümiň 70 göterimini eýelýär. Şonuň Ýewropadaky ýaly, beýleki ýurtlaryň hem goşandy bolan halatynda futbol dünýäsiniň jemi içerki önümi artyp, 3-4 million iş orny dörär – diýip, Infantino belläp geçdi.

Infantinonyň belleýşi ýaly, futbol ykdysadyýetden hem-de sportdan has uly zat. Futbol – hyjuw, bilim, hoşniýetlilik, biziň çagalarymyzyň we geljegimiziň maýasydyr.

Ol dünýä çempionatynyň dünýä ýurtlarynyň arasyndaky gepleşikler üçin meýdança bolup biljekdigini belleýär. Infantino çykyşynyň ahyrynda sammite gatnaşan liderlerden dünýä çempionatynyň resmi pökgüsine gol çekmegini haýyş etdi.

Ýene-de okaň

Hytaýda VI Aziýa kenarýaka oýunlaryna badalga berildi

Azerbaýjanda “UFC Fight Night” ýaryşlary geçiriler

George Haji Rumyniýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy

Döwletjan Ýagşymyradow 26-njy ýeňşini gazandy

“Bawariýa” 35-nji gezek Germaniýanyň çempiony boldy

«Real Sosýedad» 4-nji gezek Ispaniýanyň Şa Kubogyny gazandy