DÜNÝÄ

Azerbaýjanda Şäherleriň Bütindünýä Forumy başlaýar

Şu gün Azerbaýjanda Şäherleriň Bütindünýä Forumynyň 13-nji mejlisi (WUF13) başlaýar. «Report» agentliginiň habar bermegine görä, çäre Baky Olimpiýa stadionynda geçiriler. Onuň işine Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşýar.

Maý aýynyň 22-sine çenli dowam etjek bu forum Azerbaýjan hökümetiniň we BMG-niň Adam we ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň (UN-Habitat) ýakyn hyzmatdaşlygynda guralýar.

WUF13 bütin dünýäniň ünsüni gaýtadan Azerbaýjana tarap öwürjek iň möhüm halkara meýdançalarynyň biri hasaplanýar.

Forumyň 13-nji mejlisine gatnaşmak üçin 182 ýurtdan 40 müňden gowrak adam hasaba alyndy we bu görkeziji forumyň taryhynda rekord hasaplanýar. Bu bolsa çäräniň dünýä derejesindäki abraýynyň barha artýandygyny we Azerbaýjana bolan halkara gyzyklanmasynyň ýokarydygyny subut edýär.

Forumyň çäginde durnukly şäher gurluşygy, howanyň üýtgemegi, şäherleşme, elýeterli ýaşaýyş jaýlary, sanly transformasiýa we “ýaşyl şäher” modelleri ýaly meseleler boýunça maslahatlaşmalar geçiriler. WUF13 şonunň bilen birlikde, dürli ýurtlardan gelen döwlet resmilerini, şäher häkimlerini, halkara guramalaryň ýolbaşçylaryny, bilermenleri, maýadarlary we raýat jemgyýetiniň wekillerini birleşdirýän möhüm dialog meýdançasy bolar.

Belläp geçmeli zatlaryň biri hem, WUF13 forumyň taryhynda ilkinji gezek Liderleriň sammiti hem guralar. Bu täzelik çäräniň syýasy we strategik ähmiýetini has-da ýokary göterýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri Türkiýede saparda boldy

Ýa.Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektorynyň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary

«Miras» modalar öýi Kazanda lybaslar toplumyny görkezdi

Türki Döwletleriň Guramasy kosmos ulgamynda hyzmatdaşlyk eder

Türkmen zyýaratçylary haj zyýaratyna ugradylar

Türki siwilizasiýasynyň merkeziniň düýbi tutuldy