Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Bu hepde ýyldyzlara sabyrlylygy we durnuklylygy esas  bolar.Hepdäniň başynda emosiýalaryňyza erk etmegi başarsaňyz, ahyrynda uly üstünliklere ýetip bilersiňiz.Hepdäniň başynda dürli  wakalara  taýýar boluň. Kimdir biri siz-garaşylmadyk, oýlanşyksyz ädimleri ätmäge itergi bermäge synanyşyp biler. Möhüm şertnamalara we gepleşiklere zeper ýetirmezlik üçin, duýgularyňyzy berk gözegçilikde saklaň. Ýadyňyzda saklaň: häzirki wagtda impulsly hereket etmek size gymmat düşüp biler.Iş maslahatlarynda we ýygnaklarda ýüze çykjak dartgynly pursatlarda paýhaslylygyňyzy görkeziň. Siziň durnuklylygyňyz garşydaşyňyzy hem ygtybarly hyzmatdaşa öwrüp biler. Hepdäniň ortasyndan başlap ýagdaý durnuklaşar, hepdäniň ahyry bolsa karyerada uly böküş etmäge we hakyky üstünlik gazanmaga mümkinçilik berer.Şeýle hem uly we oýlanşyksyz çykdajylardan saklanyň.Hepdäniň ahyrynda dörän täze gyzyklanmalar we tanyşlyklar çynlakaý, dowamly gatnaşyklara öwrülip biler. Gyzykly adamlar bilen tanyşmak mümkinçiliginden ýüz öwürmäň  bu siziň durmuşyňyza täze öwüşgin berer.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Hepdäniň  birinji  ýarymy Sowur ýyldyzy astynda dogulanlar üçin aýratyn işjeňligiň we başlangyçlaryň döwrüdir. Ýyldyzlar siziň akyl-paýhasyňyzyň we jogapkärçilik duýguňyzyň artjakdygyny wada berýärler. Işewürlikde  başlangyç we özbaşdaklyk görkezmek maslahat berilýär. Siziň kabul edýän kararlaryňyz dogry, ädimleriňiz bolsa şowly bolar. Işewürlik gatnaşyklaryňyz has-da berker we töweregiňizde bolup geçýän wakalardan habarlylyk derejäňiz ýokarlanar. Daş-töweregiňizdäki adamlar bilen gatnaşykda häsiýetiňiziň iň gowy taraplary: parahatlyk, mähirlilik we amalylyk  ýüze çykar.Aragatnaşykda  dostlaryňyz goňşularyňyz ýa-da garyndaşlaryňyz bilen gatnaşyklarda hiç hili kynçylyk ýüze çykmaz. Zerurlyk ýüze çykanda, sizi gyzyklandyrýan adamlar bilen aňsatlyk bilen ylalaşyk gazanyp bilersiňiz. Şeýle hem, bu döwür okuwçylar we talyplar üçin örän bähbitlidir uly möçberdäki maglumatlary tiz we netijeli özleşdirmek size başardar.Hepdäniň ahyrynda  möhüm meseleleriňizi  ýakynlaryňyz  size  çözmäge kömek eder. Şeýle hem ýakynlaryňyz we kärdeşleriňiz size diňe bir maslahat däl, eýsem anyk iş ýüzünde hem ýardam bererler.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Bu hepde Jöwza ýyldyzy astynda dogulanlar üçin asudalygyň we maddy taýdan baýlaşmagyň döwrüdir. Ýyldyzlar size köpçülikden biraz çetleşip, öz içki dünýäňize we maliýe meseleleriňize üns bermegi maslahat berýärler.Şeýle hem  maddy meseleleri çözmekde şowlulyk siziň tarapyňyzda bolar. Pullar size garaşylyşyndan has aňsatlyk bilen geler we girdejileriňizi artdyrmak üçin uly kynçylyk çekmeli bolmarsyňyz. Esasy işiňizden daşary  goşmaça girdeji çeşmeleri: wagtlaýyn işler  hususy sargytlar ýa-da aralykdan işleýän taslamalaryňyz peýda bolup biler. Bu döwür iri satyn alyşlar barada maliýe kararlaryny kabul etmek üçin hem örän amatlydyr.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Bu hepde Seretanlar  üçin durmuşynyň täze, has optimistik tapgyrynyň başlangyjy bolup biler. Ýyldyzlar siziň jemgyýetçilik işjeňligiňiziň we özüňize bolan ynamyňyzyň artjakdygyny wada berýärler.Sizde dost-ýarlar bilen has köp wagt geçirmek islegi dörär. Edil şu wagt ýakynlaryňyzyň goldawy siziň özüňize bolan ynamyňyzy berkitmäge, ukyplaryňyzy has aýdyň ýüze çykarmaga kömek eder. Şol bir wagtda, dostlaryňyzyň birine siziň maslahatyňyz ýa-da goldawyňyz gerek bolmagy hem  mümkin  siz bolsa ony ýokary derejede bermegi başararsyňyz. Şeýle hem islendik resmi däl gatnaşyklar bu  gün  örän üstünlikli öser.

 Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Bu hepde Esetler  üçin ýokary ruhubelentlik we uly üstünlikleriň döwrüdir. Ýyldyzlar siziň jemgyýetçilik we professional durmuşyňyzda has-da parlamagyňyzy wada berýärler.Siziň ruhubelentligiňiz köp babatda täsirli  adamlar  bilen baglanyşyklydyr. Onuň kömegi bilen siz öňde goýan maksatlaryňyza has tiz we netijeli ýetip bilersiňiz. Şeýle hem  sizi gyzyklandyrýan soraglara jogap tapmak üçin örän bähbitlidir. Bu diňe bir daşky wakalar däl, eýsem öz içki dünýäňize, durmuşdaky ornüňyza we ykbalyňyza bolan garaýşyňyza hem degişlidir. Hepdäniň ahyrynda  ýyldyzlar sizi hünär we jemgyýetçilik işlerinde has işjeň bolmaga çagyrýarlar we  siziň şahsyýetiňiz has-da öňe saýlanar, hatda belli bir derejede meşhurlyk gazanmagyňyz hem mümkin.Şeýle hem  özüňiziň  gowy amaly  ukyplaryňyzy görkezip bilersiňiz. Esasanam jemgyýetçilik durmuşynda möhüm orun eýeleýän  Esetler  üçin bu döwür täze belentlikleriň başlangyjy bolar.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Bu hepde  dünýägaraýşyňyzy giňeltmäge, peýdaly endikleri we täze bilimleri öwrenmäge has köp wagt sarp etmeli bolarsyňyz.Şeýle hem  bu hepde öwrenmek we täze maglumatlary özleşdirmek ukybyňyz aýratyn ýokary bolar. Esasanam ýokary okuw jaýlarynda we kollejlarda okaýan talyplar üçin bu döwür örän netijelidir  siz uly höwes bilen okarsyňyz we bilimler size garaşylyşyndan has aňsatlyk bilen geler. Hünär derejäňizi ýokarlandyrýan gysga möhletli kurslara gatnamak üçin hem amatly pursatdyr. Aragatnaşykda   mümkin boldugyça gatnaşyklaryň we aragatnaşygyň merkezinde bolmaga çalşyň. Hepdäniň ahyrynda   täze zatlary öwrenmäge bolan gyzyklanmaňyz size täze pikirdeşleri   tapmaga kömek eder. Durmuşyňyzda özüňize halypa ýa-da maslahatçy hökmünde kabul edip biljek adamlaryňyz peýda bolup biler. Bu ýagdaýlaryň hemmesi siziň jemgyýetdäki abraýyňyzy ýokarlandyryp, karyeraňyza oňyn täsir eder.Şahsy durmuşyňyzda hem täzeliklere garaşyň. Internet arkaly dörän wirtual tanyşlyklaryň geljekde hakyky durmuşda dowam etjek çynlakaý gatnaşyklara öwrülme mümkinçiligi bardyr. Täze adamlar bilen tanyşmakdan we pikir alyşmakdan çekinmäň.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Hepdäniň ilkinji ýarymynda siziň energiýa potensialyňyz ep-esli ýokarlanar. Sport bilen meşgullanýan Mizanlar şahsy rekordlaryny goýup, aýratyn netijeleri gazanyp bilerler. Esasanam güýç talap edýän sport ýaryşlary we bäsleşikler örän şowly geçer. Fiziki taýdan işjeňlik size diňe bir saglyk däl, eýsem ruhy taýdan hem özüňize bolan ynamy artdyrar.Şeýle hem  maliýe ýagdaýyňyzda oňyn özgerişler garaşylýar. Uly möçberdäki maddy serişdelere elýeterlilik gazanmagyňyz mümkin. Häzirki wagtda  möhüm zat  prinsipial meselelerde durnukly we berk pozisiýany eýelemekdir.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Bu hepde Akrap ýyldyzynyň  astynda dogulanlar üçin hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmek  ileri tutulýan we şowly ugur bolar. Ýyldyzlar size hem işewürlikde, hem şahsy durmuşda ylalaşyklylyk wada berýärler.Hyzmatdaşlyk  we  işewürlik gatnaşyklarynda ozal dilden ylalaşylan şertnamalaryňyz bar bolsa, olary resmileşdirip, kanuny güýje girizmegiň wagty geldi. Bu ädim siziň işiňiziň geljekki durnuklylygyny üpjün eder. Maşgala durmuşyňyzda bolsa gatnaşyklaryň has mähirli we ýakymly bolandygyny duýarsyňyz. Häzirki wagtda islendik jedelli meseleleri asuda ýagdaýda ara alyp maslahatlaşmak we özara bähbitli karara gelmek üçin ajaýyp pursatdyr. Emläk meseleleri bilen baglanyşykly resminamalara gol çekmek üçin hem  bu hepde örän amatlydyr.Maşgala we toý dabaralary  nika gyýdyrmak ýa-da dini nika dessurlaryny berjaý etmek üçin örän sowly döwürdir. Şeýle hem ýakynlaryňyzdan toýa çakylyk almagyňyz mümkin. Eger goşmaça maliýe serişdelerine mätäçlik çekýän bolsaňyz, banklardan has amatly şertlerde karz almak ýa-da karz şertnamasynyň möhletini uzaltmak size başardar.Jemgyýetçilik işleri okuw synag tabşyrmak ýa-da ylmy işleri goramak üçin bu hepde örän netijeli bolar. Syýahat wagtynda garaşylmadyk, emma örän ähmiýetli tanyşlyklaryň bolmagy ähtimal.

Kowus (keman 23.11 — 21.12) 

Bu  hepde   saglyk ýagdaýyňyz we umumy immunitetiňiz ep-esli berkär. Bedeniňiz islendik kesellere garşy işjeň göreşer, şonuň üçin hem häzir meýilleşdirilen bejergi-öňüni alyş çärelerini başlamak üçin amatly wagtdyr. Saglygyňyza ideg etmek indi size diňe bir peýda däl, eýsem hakyky lezzet hem berer. Mümkin bolsa, fitnes ýa-da basseýn üçin abunment satyn alyň  bu siziň ruhuňyzy has-da göterer.Şeýle hem

öý işlerinde we iş ýeriňizde tertip-düzgün ýola goýmak üçin bu hepde örän bähbitlidir. Öýdäki goşlaryňyzy gözden geçiriň, köne we gerekmejek zatlardan dynyň. Şkaflaryňyzy we tekjeleriňizi artykmaç zatlardan arassalamak bilen, siz öýüňize täze energiýanyň girmegine ýol açarsyňyz we özüňizde goşmaça güýç-kuwwat duýarsyňyz.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Jedi ýyldyzynyň  astynda dogulanlar üçin şahsy durmuşda iň bagtly we täsirli döwürleriň biri bolar. Ýyldyzlar siziň gatnaşyklaryňyzda agzybirligiň we söýgiňiziň has-da lowurdajakdygyny wada berýärler.Şahsy durmuş we söýgi gatnaşyklaryňyzda parahatçylyk we sazlaşyk höküm sürer. Garaşylmadyk söýgi beýanlaryna, gymmatly sowgatlara we ýakymly täzeliklere garaşyň. Eger siz eýýämden bäri söýgüli adamyňyzy maşgalaňyz we ene-ataňyz bilen tanyşdyrmagy meýilleşdirýän bolsaňyz häzir  amatly pursatdyr. Uzak wagtlap dowam edip gelýän gatnaşyklarda bolsa  nika gurmak ýa-da adaglanmak barada möhüm ädimleriň ädilmegi ähtimal. Bu günlerde  geçiriljek toý dabaralary örän şowhunly we ýatda galyjy bolar.Hepdäniň ikinji ýarymynda ähli maşgala agzalaryňyz we çagalaryňyz bilen geçiriljek wagt size diňe bir şatlyk däl, eýsem uly ruhy dynçlyk hem getirer.  Maşgala gatnaşyklaryňyz söýgi we optimizm bilen dolar, bu bolsa umumy ruhy ýagdaýyňyza oňat täsir eder.

Daluw (gowa 21.01 – 20.02 )
Bu hepde Daluw ýyldyzy astynda dogulanlar üçin öý-ojagyny abatlamagyň we maşgala agzybirliğini berkitmegiň döwrüdir. Ýyldyzlar siziň ähli ünsüňiziň we energiýaňyzyň öýdäki rahatlyga gönükdiriljekdigini wada berýärler.Öý işleri we arassaçylyk çäreleri bu hepdäniň  şowly ugry bolar.  Eger öňden bäri maşgala agzalaryňyzyň biri bilen gatnaşygyňyzda düşünişmezlik bar bolsa, ilki bilen şolary ara alyp maslahatlaşmagyňyz we doly ýaraşyga gelmegiňiz maslahat berilýär. Diňe şondan soň bilelikde hojalyk meselelerini çözmäge geçip bilersiňiz.Öýüňizde  täzelikleriň we üýtgeşmeleriň  uly göçüm-gonum ýa-da mebelleriň ornuny çalşyrmak ýaly täze taslamalary amala aşyrmagyňyz mümkin. Belki-de, köne mebelleriňiziň deregine has döwrebap we täze mebelleri satyn alarsyňyz.Hepdäniň ahyrynda maşgala agzalaryňyz bilen ähli möhüm meseleleri çözmek üçin maslahatlaşyň. Agzybirlikde alnyp barylýan abatlaýyş we arassaçylyk işleri örän ýeňil hem-de şowhunly geçer.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Bu hepde özüňizi doly döredijilige bagyşlap bilersiňiz. Islendik täze gyzyklanma ýa-da hobbi siziň ähli boş wagtyňyzy alyp biler we bu size uly lezzet berer. Okuw işlerinde we täze maglumatlary özleşdirmekde uly üstünlikler garaşylýar. Şeýle hem, möhüm meseleleriňizi çözmek üçin adamlaryň arasynda has işjeň boluň bar bolan ähli işewürlik we şahsy gatnaşyklaryňyzy ulanmakdan çekinmäň, size hökman ýardam bererler. Söýgide  täze tanyşan jübütler üçin bu döwür örän joşgunly we ýakymly geçer. Söýgi duşuşyklary we bilelikdäki gezelençler gatnaşyklaryňyzy has-da gyzyklandyrar. Ýüregi boş Hutlar üçin bolsa, syýahat wagtynda garaşylmadyk we täsirli tanyşlyklaryň bolmagy mümkin. Islendik ýagdaýda, romantik gatnaşyklar örän oňyn öser.