JEMGYÝET

Moskwada beýik Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli dabaralar geçirildi

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň gatnaşmagynda 1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli Moskwa şäheriniň meşhur Gyzyl meýdanynda dabaraly çäreler geçirildi.

Oňa Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Laosyň Prezidenti Thonglun Sisulit, Malaýziýanyň Patyşasy Sultan Ybraýym we beýlekiler gatnaşdylar.

 

Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýeňiş millionlarça adamyň nusgawy edermenligi, durnuklylygy we janypkeşligi netijesinde amala aşyryldy hem-de beýik taryhy waka öwrüldi. Bu umumy Ýeňşe frontda we tylda hakyky gahrymançylyk görkezen Merkezi Aziýanyň döwletleriniň köp milletli halky hem uly goşant goşdy.

Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda umumy wehime hem-de zorluga garşy söweşen millionlarça adamy parahatçylykly durmuş baradaky arzuw jebisleşdirdi. Beýleki doganlyk halklary bilen bilelikde türkmenistanly esgerler-de urşuň ýowuz synagyndan mertlik bilen geçdiler.

Harby ýöriş tamamlanandan soňra, asylly däbe görä, dabaralara gatnaşan döwlet Baştutanlary bilelikde Kreml diwarynyň ýanyndaky Aleksandrow bagyna barýarlar we Näbelli esgeriň guburyna gül desselerini goýýarlar.

Ýene-de okaň

Ýaponiýada Türkmenistan üçin talyp haklary mümkinçiliklerini giňeltmek maslahatlaşyldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Kazanda möhüm başlangyçlary öňe sürdi

Aşgabat 2028-nji ýylda yslam dünýäsiniň medeni paýtagty bolup biler

Türkmenistan “Russiýa-Yslam dünýäsi Hyzmatdaşlyk Expo” sergisine gatnaşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy zenanlaryň ikinji Aziýa forumyna gatnaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Kazanda YHG-nyň medeniýet ministrleriniň maslahatyna gatnaşdy