TEHNOLOGIÝA

Türkmenistan bilen Hytaý emeli aň ylmy-barlag merkezlerini döretmegi maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginde tehnologiýalar we telekommunikasiýa pudagynda işleýän Hytaýyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň wekilleri bilen birnäçe duşuşyk geçirildi. Gepleşiklere Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Annaýew hem-de ýurduň aragatnaşyk ministri Hajymyrat Hudaýgulyýew gatnaşdy. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşyklaryň dowamynda Türkmenistan bilen Hytaýyň ýokary tehnologiýalar ulgamyndaky hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek, şol sanda emeli aň boýunça ylmy-barlag merkezlerini döretmek, «zatlaryň interneti» çözgütlerini we «akylly şäherler» konsepsiýasyny ornaşdyrmak, şeýle hem neýrotorlar we kwant tehnologiýalaryny ösdürmek meselelerine garadylar.

Ministr H.Hudaýgulyýew emeli aňyň Türkmenistan üçin infrastruktura derejesinde strategik ileri tutulýan ugur bolup durýandygyny belläp geçdi. Onuň sözlerine görä, muña döwlet dolandyryşynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň, şeýle hem lukmançylyk, bilim we ykdysadyýetiň beýleki pudaklaryny ösdürmegiň möhüm guraly hökmünde garalýar. Ministriñ bellemegine görä, Hytaýyň öňdebaryjy tejribesi bilen Türkmenistanyň strategik ösüş ugurlarynyň utgaşmagy hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikleri döredýär.

Ýene-de okaň

Aşgabat-Türkmenbaşy demirýol ugruny kämilleşdirilmek: ýolagçy otlulary 160 km/sag tizlikde işläp biler

Türkmenistanyň wekiliýeti “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara innowasion forumyna gatnaşdy

“Toyota” satuw boýunça rekord goýdy

Aşgabatda «Ýaş inžener — 2026» atly bäsleşik geçirildi

Aşgabat-Türkmenabat awtomobil ýoly 4G ulgamy bilen üpjün edildi

“Apple” kompaniýasy baş direktory täzelenýär