Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Özbegistan Respublikasynyň Parlamentiniň ýolbaşçylygynda göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň zenan ýolbaşçylarynyň dialogynyň «Merkezi Aziýanyň zenanlary: ileri tutulýan wezipeler we bilelikdäki hereketler» atly birinji mejlisine gatnaşdy.
Maslahata Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjan Respublikasynyň zenan parlament ýolbaşçylary hem-de Merkezi Aziýa boýunça «BMG-Zenanlar» sebit edarasynyň ýolbaşçysy gatnaşdy.
Bu mejlisde Özbegistan Respublikasynyň 2026-njy ýylda Merkezi Aziýa döwletleriniň Zenan ýolbaşçylarynyň dialogyna başlyklyk etmeginiň çäginde meýilleşdirilýän çäreleriň guramaçylyk işlerine, sebitde gender deňligini üpjün etmek, zenanlaryň döwlet dolandyryşdaky we ykdysadyýetdäki işjeňligini goldamak hem-de durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde bilelikdäki başlangyçlar, ýylyň dowamynda geçirilmeli çäreler barada pikir alşyldy.
Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy sebitiň ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň tagallalary netijesinde zenanlar dialogynyň hyzmatdaşlygy ilerletmek boýunça dürli çäreleri geçirmek üçin hemişelik hereket edýän meýdança öwrülendigini nygtady. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän gender deňligini üpjün etmek boýunça hereketleriň milli meýilnamasynyň Dialogyň maksatnamalary bilen doly utgaşyp, zenanlaryň döwlet dolandyryşynda, milli ykdysadyýetde eýeleýän ornuny hukuk taýdan berkitmekde we bu ugurdaky kanunçylyk-hukuk binýady kämilleşdirmekde, halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda uly ähmiýete eýe bolýandygyny belledi.
Ýurdumyzda zenanlaryň hukuklaryny, bähbitlerini, eneligi we çagalygy goramak, maşgalany goldamak boýunça toplumlaýyn işleriň alnyp barylýandygy hem-de bu ugurdaky tagallalara dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ýokary baha berilýändigi nygtaldy.
Şunuň bilen birlikde duşuşyga gatnaşyjylar zenanlar dialogynyň anyk başlangyçlary we taslamalary durmuşa geçirýän netijeli meýdança öwrülendigini bellediler. Aýratyn hem zenanlaryň durmuş-ykdysady mümkinçiliklerini giňeltmek üçin milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, zenanlaryň döwrebap tehnologiýalara elýeterliligini üpjün etmek, sanly tehnologiýalar we onlaýn meýdançalar arkaly sebitdäki zenanlaryň özara tejribe alyşmagyny ýola goýmak, zenan telekeçilere döredilýän ýeňillikler babatda durlup geçildi.
Şeýle hem Merkezi Aziýa döwletleriniň zenan parlament ýolbaşçylarynyň Dialogynyň tagallalaryny abraýly halkara guramalaryň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň düzüm birlikleriniň, Ýewropa Bileleşiginiň, Parlamentara Bileleşigiň alyp barýan işi bilen utgaşdyrmak meselesine aýratyn seredildi.
