DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen Türkiýe atçylyk pudagynda hyzmatdaşlyk eder

Şu gün Ankara şäherinde  “Türkmenatlary” döwlet birleşiginiň baş direktory Ahmet Berdiýew bilen Türkiýe Respublikasynyň oba we tokaý hojalygy ministriniň orunbasary Ahmet Gümen bilen duşuşdy.

Duşuşygyň esasy mowzugy atçylyk pudagynyň dürli ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, şol sanda konkur ýaryşlaryny guramak, atçylyk sportuny ösdürmek we bu ugurda syýahatçylyk mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmekden, şeýle tejribe alyşmakdan ybarat boldy.

Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň bilim edaralarynda maldarçylyk, atçylyk hem-de weterinariýa ugurlary we hünärleri boýunça okuw usullary barada pikir alyşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen wekiliýeti Türkiýe Respublikasynyň Oba we tokaý hojalygy ministrligine türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň türk dilinde neşir edilen «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabyny sowgat berdi.

Related posts

ABŞ bilen Katar 1,2 trillion dollarlyk şertnamalara gol çekdiler

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň kitaplary Kataryň kitaphanasynda orun aldy

Haj parzyny berjaý eden türkmen zyýaratçylary Watanymyza dolanyp geldiler

Ata Watan Eserleri