23–24-nji martda Daşkentde Italiýanyň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň gatnaşmagynda «Durnukly agroekoulgamlar üçin innowasiýalar, regeneratiw oba hojalygy, eksport we sanlylaşdyrma» mowzugynda halkara işewürlik forumy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň oba hojalyk ministriniň orunbasary Berkeli Berkeliýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy
Forumyň birinji gününde Italiýadan, Azerbaýjandan, Gazagystandan, Täjigistandan, Gyrgyzystandan we Türkmenistandan gelen ýokary derejeli wekiller çykyş etdiler. Olaryň arasynda Italiýanyň oba hojalygy, azyk özygtyýarlylygy we tokaý hojalygy ministri Françesko Lollobridjida, Azerbaýjanyň oba hojalygy ministri, şeýle hem Gazagystanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň we Türkmenistanyň degişli pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlary bar.

Çykyş edenler oba hojalygyna innowasiýalaryň giňden ornaşdyrylmagynyň, ýer we suw serişdeleriniň netijeli ulanylmagynyň, şeýle hem klimat üýtgemegine uýgunlaşma çözgütleriniň işlenip düzülmeginiň häzirki döwrüň ileri tutulýan wezipeleriniň biridigini bellediler.
Munuň bilen birlikde, durnukly agroekosistemalaryň kemala gelmeginiň we azyk howpsuzlygynyň üpjün edilmeginiň sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygy berkitmek, maýa goýumlaryny çekmek hem-de öňdebaryjy tejribe we tehnologiýalar bilen alyş-çalyşy giňeltmek arkaly mümkindigi aýratyn nygtaldy.
Ara alyp maslahatlaşmalaryň netijesinde «Italiýa — Merkezi Aziýa (C5) + Azerbaýjan» halkara forumynyň kommýunikesi kabul edildi. Resminama laýyklykda, taraplar oba hojalygy we azyk pudagyndaky hyzmatdaşlygy täze hil derejesine çykarmaga gönükdirilen möhüm ylalaşyklara we netijelere ýetdiler.
