DÜNÝÄ

Russiýanyň raýatlary Türkmenistanyň çägi arkaly Eýrandan çykdylar

Russiýanyň sekiz raýaty Eýrandan eýran-türkmen serhedindäki «Sarahs» gözegçilik-geçiriş nokady arkaly çykyp, “S7” awiakompaniýasynyň gatnawy bilen Moskwa uçdular. Bu barada TASS agentligi Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň konsullyk bölüminiň müdiri Igor Samoşkine salgylanyp habar berýär.

«Russiýaly sekiz raýat düýn «Sarahs» gözegçilik-geçiriş nokadyndan serhetden geçdiler, türkmen tarapy olary Aşgabada getirdi we myhmanhana ýerleşdirdi. Biz, elbetde, olary garşy aldyk, ýerleşmeklerine kömek etdik. Şu gün bolsa olar S7 awiakompaniýasynyň gatnawy bilen Moskwa uçdular» – diýip, ol belledi.

Samoşkin Eýrandan Türkmenistanyň üsti bilen çykmagyň tertibini düşündirdi. Onuň bellemegine görä, russiýalylar ilki bilen Tährandaky Russiýanyň ilçihanasyna ýüz tutmalydyrlar, olar bolsa türkmen tarapyna habar berýärler.

Mundan ozal, 2-nji martda Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy Eýrandan gönümel gatnawlar arkaly uçup bilmeýän Russiýanyň raýatlary üçin Türkmenistanyň çäginden awtoulag arkaly çykmagyň tertibiniň işlenip düzülendigini habar berdi.

Munuň üçin Aşgabatdan takmynan 400 km uzaklykda ýerleşýän «Sarahs» serhet geçelgesi arkaly mümkindir. Geçmek üçin ylalaşyk gazanmak maksady bilen, russiýalylar resminamalaryň bukjasyny Eýrandaky Russiýanyň ilçihanasyna ugratmalydyrlar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Ilçisi Halkara pul gaznasynyň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Palestinanyň ilçisi bilen duşuşdy

Argentina Türkmenistana täze ilçi belledi

Ankarada Türkmen bedewiniň milli baýramy bellenildi

Tramp Putini Maýamidäki G20 sammitine çagyryp biler

Eýran Hazarýaka döwletleriniň sammitini geçirmäge taýýarlanýar