TEHNOLOGIÝA

Aşgabat – Ýolöten awtobus gatnawy ýola goýulýar

Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyçlary netijesinde, ýurdumyzyň awtoulag ulgamy dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň döwrebap tehnikalary bilen yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Bu özgertmeler täze ugurlaryň açylmagyna şert döredip, ýolagçylara we daşary ýurtly myhmanlara edilýän hyzmatyň derejesini hem-de medeniýetini has-da kämilleşdirmäge ýardam berýär.

“Awtomobil ulag hyzmaty” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan 2026-njy ýylyň 1-nji martyndan başlap, Aşgabat – Ýolöten ugry boýunça her gün awtobus gatnawy ýola goýulýar.

Awtobus her gün sagat 13:00-da Aşgabadyň Atamyrat Nyýazow şaýolundaky “Awtokombinat” belleniş nokadyndan, sagat 09:00-da bolsa Ýolöten etrabyndan ugraýar.

Goşmaça maglumat üçin görkezilen telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz: +99361-49-34-95 we 44-35-20

Ýene-de okaň

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi

ABŞ Türkmenistan bilen emeli aň ulgamynda hyzmatdaşlyga taýýar

«Türkmentelekomyň» garamagynda Emeli aňyň ösüşi boýunça Merkezi döretmek göz öňünde tutulýar

Türkmenistanyň gümrük ulgamynda emeli aň tehnologiýasy işe girizildi