TEHNOLOGIÝA

Aşgabatdan Mary we Baýramala gidýän awtobuslar Awtokombinatdan ugraýar

Türkmenistanyň Prezidentiniň tagallalary netijesinde, ýurdumyzyň awtoulag düzümi dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň häzirki zaman tehnikalary bilen yzygiderli baýlaşdyrylýar. Bu täzelemeler gatnaw ugurlarynyň sanyny artdyrmaga, ýolagçylara we myhmanlara hödürlenýän hyzmatlaryň hilini hem-de medeniýetini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.

Ilatyň ulag hyzmatlaryna bolan islegini kanagatlandyrmak we hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, “Awtomobil Ulag Hyzmaty” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 2026-njy ýylyň 1-nji martyndan başlap, Aşgabat halkara awtomenzil — Mary we Aşgabat halkara awtomenzil — Baýramaly aralygynda gatnaýan şäherara ugrunyň Aşgabatdan ugraýan ugrunyň üýtgeýändigini habar berýär.

Bu ugur boýunça awtobuslar hepdäniň her güni Aşgabat şäheriniň Atamyrat Nyýazow şaýolunyň ugrunda ýerleşýän Awtokombinat belleniş nokadyndan ugraýar.

Habarlaşmak üçin: +99361-49-34-95 we 44-35-20

Related posts

Türkmenistanda “TechGirls” maksatnamasyna gatnaşmak üçin arzalary kabul edýär

Ata Watan Eserleri

“Galaxy A52s 5G” smartfonynyň suratlary we aýratynlyklary ýaýrady

Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň sanly tehnologiýalar boýunça onlaýn duşuşygy