TEHNOLOGIÝA

Saud Arabystanyda emeli aň mümkinçilikli howa menzili gurlar

Emeli aň ulgamy kem-kemden durmuşa giňden ornaşmaga başlady. Halk hojalygynyň ähli ugurlayr bilen bir hatarda hyzmat pudagynda hem bu ulgamy ornaşdyrmak işiniň gerimi giňeldilýär.

Saud Arabystanynyň Er-Riýad şäherinde guruljak täze howa menziliniň hyzmatynda emeli aňyň mümkinçiliklerinden peýdalanylar. ” KSA MicroLiving Airport” iň döwrebap howa menziliniň taslamasy “MC Studios” kompaniýasy tarapyndan emeli aňyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp taýýarlandy.

Howa  menzili 30 inedördül kilometr meýdany eýeläp, 6 sany terminaldan ybarat bolar. Şeýle hem bina kaşaň kottežler we söwda zolaklary bilen üsti ýetiriler.

Häzirki zaman tehnologiýalary esasynda guruljak howa menzili 6 sany uçuş-gonuş zolagyna eýe bolup, ol hem menziliň geçirijilik kuwwatyny artdyrar.

“KSA MicroLiving Airport” taslamasy Er-Riýad şäherini 2030-njy ýylda global logistika merkezine öwürmäge ýardam eder.

Related posts

Iňlis dilini bilmek üçin näçe söz öwrenmeli ýa-da näçe wagt gerek?

Ata Watan Eserleri

Täze Macbook Air 2020 ulanyşa hödürlener

New Ýorka gitmezden, iňlis dilini öwrenmek mümkin!

Ata Watan Eserleri