TEHNOLOGIÝA

Russiýada hem aerotaksiler peýda bolup biler

Russiýanyň Ulag ministrligi aerotaksileriň peýda bolmak mümkinçiliginiň bardygyny belleýär. Bu barada ulag ministri Roman Starwoýt “TASS” habarlar gullugyna beren beýanatynda belläp geçdi.

– Biz dünýäniň köp ýerinde, hususan-da Hytaýda şeýle tehnikalaryň synag edilýändigini görýäris. Eýýäm şeýle enjamlaryň 5 işläp düzmesi bar. Şonuň üçin, ertir has çalt geler – diýip, ministr belledi.

Starwoýt Russiýanyň Ulag ministrligi şeýle taslamalaryň üstünde işläp, rus raýatlarynyň köçelerde howa ulaglarynyň bu görnüşinden peýdalanmagy ugrunda tagalla edilýändigini belledi.

– Biz şol bir ýerde durmaýarys. Iru-giç şeýle tehnikalar biziň durmuşymyzda peýda bolar. Munuň üçin hukuk we kanunçylyk esaslarynyň döredilmegini gazanmak zerur – diýip belläp geçdi.

Related posts

Gury ýerde we suwda hereket edýän kaşaň sport ulagy

Ýaponiýanyň Sony kompaniýasy audiofil gulaklyklary öndürýän Audeze-ni satyn aldy

“Samsung Galaxy S22” we hereketli kamera