SPORT

Ramos Meksikada futbol karýerasyny dowam etdirer

Ispaniýanyň milli ýygyndysy bilen dünýä we Ýewropa çempiony bolan Serhio Ramos Meksikanyň “Monterreý” topary bilen şertnama baglaşdy. Bu barada toparyň metbugat gullugy habar berýär.

Şertnamanyň möhleti barada maglumat berilmedi. 2024-nji ýylyň iýunyndan bäri Ramos Ispaniýanyň “Sewilýa” topary bilen şertnamasyny tamamlap, erkin futbolçy bolupdy.

Ramos 38 ýaşynda. Ol 2005-2021-nji ýyllarda Ispaniýanyň “Real Madrid” toparynda çykyş etdi. Ol bu toparda oýnan döwründe 4 gezek Çempionlar ligasynyň kubogyny gazandy. Ramos şol döwürde Ispaniýanyň 5 gezek çempiony boldy.

Ispan futbolçy 2021-2023-nji ýyllarda Fransiýanyň “PSŽ” toparynda oýnady. Bu toparda hem 2 gezek Fransiýanyň çempiony boldy.

Ramos Ispaniýa bilen 2010-njy ýylda dünýä çempiony, şeýle hem 2008-nji we 2012-nji ýyllarda Ýewropa çempiony boldy.

Related posts

Fransiýa ilkinji ýarym finalçy boldy

“Ahal” topary ýurdumyzyň çempiony boldy

Awstraliýa bilen Täze Zelandiýa dünýä çempionatyny geçirer