BIZNES

Türkmenistandan üstaşyr geçirilen ýükleriň möçberi 7 mln. tonnadan geçdi

Soňky ýyllarda Türkmenistanyň daşary söwda ýük dolanşygynyň we üstaşyr geçirilen ýükleriň möçberi yzygiderli ýokarlanýar. 2025-nji ýylda Döwlet serhediniň gözegçilik-geçiriş ýerlerinde geçirilen ýükleriň möçberi 20 mln. tonna deň bolup, bu görkeziji 2019-njy ýyldan bäri iň ýokary görkezijidir.

Şunda, üstaşyr geçirilen ýükleriň möçberi 7 mln. tonnadan gowrak bolup, 2024-nji ýyla görä 28 % ýokarlandy. Geçen ýylda ýurdumyzyň çäginden 108 sany döwlete üstaşyr ýükler geçirildi.

Ýurdumyzyň daşary söwda we üstaşyr ýük daşamalaryň 43 % awtomobil ulaglary, 27 % demir ýol ulag serişdeleri, 28 % deňiz gämisi  we 2 % howa gämisi arkaly daşaldy.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy tarapyndan halkara ýük daşamalarynda ulag serişdeleriň we ýükleriň gümrük serhedinden çalt geçirilmegini üpjün etmek babatynda yzygiderli işleri durmuşa geçirýär.

Ýene-de okaň

Türkmen-özbek toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

Türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi

Taryhy waka: «Aýdyň Gijeler» kompaniýasy Eswatini Patyşalygynda iki sany täze kärhanany gurýar

Türkmenistanyň söwda ministri Daşkent halkara maýa goýum forumynyň çärelerine gatnaşýar

«Aýdyň Gijeler» Özbegistanda önümçilik meýdançasyny döreder

Eýran sebit ýurtlary bilen söwda hyzmatdaşlygyny ýeňilleşdirmegi we ösdürmegi meýilleşdirýär