DÜNÝÄ

Mariýa Zaharowa: Merkezi Aziýa döwletleri Russiýanyň iň ýakyn hyzmatdaşy

Soňky wagtlarda köpçülikleýin habar beriş serişdelerinden Russiýanyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyga baha bermek barada birnäçe sowallar gelip gowuşdy. Ähli soraglary jemläp, degişli teswirnamany taýýarladyk – diýip, bu barada Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň resmi wekili Mariýa Zaharowa habar berdi.

Russiýanyň daşary syýasat edarasynyň wekiliniň habar bermegine görä, Merkezi Aziýa döwletleri Russiýanyň iň ýakyn goňşulary, hyzmatdaşlary we strategik hyzmatdaşlarydyr. Russiýanyň bu sebitiň durnuklylygyna, howpsuzlygyna we gülläp ösmegine, sebitiň her bir döwletiniň ykdysady, serişde we tehnologik garaşsyzlygynyň ýokarlanmagyna, olaryň medeni we milli aýratynlyklarynyň saklanyp galmagyna gyzyklanma bildirýändigini bellemek bolar.

– Biz merkezi aziýaly dostlarymyzyň daşary syýasatyndaky «köpugurlylyk» ýörelgesine hormat we düşünişmek bilen garaýarys. Bu ýörelge, ilki bilen, öz içerki durmuş-ykdysady ösüşi nukdaýnazaryndan ähli ýurtlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge bolan ymtylmalardan gelip çykýar – diýip, Mariýa Zaharowa belledi.

Mariýa Zaharowanyň aýtmagyna görä, Russiýa Merkezi Aziýanyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň arasynda öňdebaryjy orny eýeleýär — 2025-nji ýylyň ilkinji 9 aýynyň dowamynda umumy haryt dolanşygy takmynan 35 milliard ABŞ dollaryna deň boldy.

Adaty ikitaraplaýyn gatnaşyklardan başga-da,  “Merkezi Aziýa-Russiýa” görnüşinde altytaraplaýyn formatdaky hyzmatdaşlygy hem üstünlikli ösdürilýä. 2025-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Duşenbe şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa – Russiýa» ikinji sammit bu guralyň örän zerurdygyny tassyklady.

– Häzirki wagtda biz 2025-2027-nji ýyllar üçin bilelikdäki işleriň Meýilnamasyny durmuşa geçirmegiň üstünde işleýäris. Bu meýilnama «Söwda we ykdysadyýet», «Energetika», «Ulag», «Saglygy goraýyş we sanitar-epidemiologik abadançylyk», «Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk», «Ekologiýa» we «Migrasiýa» ýaly bölümleri öz içine alýar – diýip, Mariýa Zaharowa belledi.

Ýene-de okaň

FIFA Gazada 50 sany futbol stadionyny gurar

Tokaýew: Prezident Tramp adyndaky baýragy döretmegi teklip etdi

Ilkinji ýokary derejeli “Koreýa Respublikasy — Merkezi Aziýa” sammiti geçiriler

Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň mejlisine gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Türkiýede birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi

Türkmen wekiliýeti metan gazyny azaltmak boýunça maslahata gatnaşdy