Öz gözbaşyny müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdýan milli medeniýetimiz, sungatymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe uly ösüşlere eýe bolýar. Biz bu gün hakyky döredijilik, öz ukyp-başarnygyňy açyp görkezmek üçin ähli taraplaýyn giň mümkinçilikler açylan ajaýyp döwürde ýaşaýarys. «Medeniýet halkyň kalbydyr» diýýän Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerini mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz milli medeniýetimizi, aýdym-saz sungatymyzy ösdürmäge, baýlaşdyrmaga, olaryň köpöwüşgünliligini dünýä ýaýmaga hemişe möhüm ähmiýet berýär.
«Türkmen halky beýik sungaty, ägirt uly edebi, medeni mirasy döredip bilen halkdyr. Häzirki döwürde-de döwlet syýasatynda medeniýetiň aýratyn orny bar» diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz nygtaýar. Bu gün halkymyzyň asyrlar aşyp, sünnälenip, biziň günlerimize gelip ýeten özboluşly baý folklory, edebi mirasy, milli tanslarydyr aýdym-sazlary, şekillendiriş sungatynyň eserleri dünýä halklarynda uly gyzyklanma döredýär. Hormatly Prezidentimiziň dünýä döwletleri bilen alyp barýan hoşniýetli gatnaşyklarynyň netijesinde türkmen medeniýeti we sungaty Ýer ýüzünde giňden tanalýar. Bu bolsa bizi has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.
Halkara ylmy bileleşigiň we dünýä jemgyýetçiliginiň ýurdumyzyň taryhy-medeni mirasyna degişli desgalara gyzyklanmalary ýyl-ýyldan artýar. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan oňyn syýasaty netijesinde Türkmenistan durnukly, parahatçylyk söýüjilikli we okgunly ösýän döwlet hökmündäki abraýyny barha artdyrýar, ýurdumyz baý milli taryhy-medeni gymmatlyklary bilen tutuş halkara bileleşige has doly açylýar. Türkmen halkynyň taryhda baý medeniýetiniň bolandygyny görkezýän, bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklar bar. Olar dünýäde giňden ykrar edildi.
Biziň topragymyzda dünýäde ilkinji ekerançylyk medeniýetiniň bolandygyny kesgitleýän Goňurdepe, Garadepe, Namazgadepe, Altyndepe, Jeýtun we Änew ýadygärlikleri bar. Nusaý, Merw, Köneürgenç, Dehistan, Sarahs, Abiwerd taryhy-medeni ýadygärlikleri, Gökdepe galasy açyk asmanyň astyndaky özboluşly muzeýlerdir. Olar döwlet taryhy-medeni goraghanalary hökmünde yglan edildi. Merwiň, Köneürgenjiň we Nusaýyň ýadygärlikleri ählumumy gymmatlyklar hökmünde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Bezeglideräniň gaýadaky şekilleri, Abiwerdiň, Sarahsyň binagärlik toplumlary we Amyderýanyň kenaryndaky gadymy döwre degişli desgalar dünýä bellidir.
Soňky ýyllarda daşary ýurtlarda Türkmenistanyň muzeý gymmatlyklaryndan ybarat iri möçberli sergileri guramakda oňyn tejribe toplandy. Italiýanyň Rim şäherinde “Medeniýetleriň gülläp ösüşi: bürünç zamanyndaky Margiana we Parfiýa şalygy. Türkmenistandaky arheologik açyşlar” atly arheologik sergi geçirildi.
Türkmenistanda medeni gymmatlyklaryň degişli derejede saklanylmagyna gönükdirilen birnäçe kadalaşdyryjy hukuk resminamalary kabul edildi. Şolaryň hatarynda “Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärliklerini goramak hakynda”, “Muzeýler we muzeý işi hakynda”, “Gozgalýan medeni gymmatlyklary goramak, äkitmek we getirmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi. Bu ugurda degişli işler dowam etdirilýär.
Halkymyzyň bäş müň ýyllyk gadymy taryhy, özboluşly däpleri, Watanymyzyň taryhy eýýamda ýeten derejesi örän baý muzeý gymmatlyklarynda öz beýanyny tapýar. Taryhy ýadygärlikler we türkmen topragynda ýüze çykarylan gadymy tapyndylar dünýäniň taryhy-medeni mirasynyň aýrylmaz bölegine öwrülýär. Munuň özi taryhy ýadygärlikleri öwrenmek hem-de wagyz etmek işinde giň halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýol açýar.
Eziz topragymyzyň üstünden geçen, Gündogar bilen Günbataryň arasynda ykdysady hem medeni köpri bolup hyzmat eden Beýik Ýüpek ýoly syýasy, ykdysady we medeni babatda döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmekde örän uly ähmiýete eýe bolupdyr. Bu bolsa Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ençeme taryhy galalaryň peýda bolmagyna, ylmyň hem medeniýetiň, baý medeni mirasymyzyň we ruhy gymmatlyklarymyzyň pajarlap ösmegine öz täsirini ýetiripdir. Pajarlap ösen ylmyň hem medeniýetiň mekany bolan Türkmenistan ýurdumyzda Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyzyň ösdürilmegine, medeni gymmatlyklarymyzyň aýawly saklanmagyna we dünýä ýaýylmagyna uly üns berilýär. Munuň üçin mähriban halkymyzyň, bagtyýar ýaşlaryň kalplarynda Milli Liderimize hem-de Arkadagly Serdarymyza bolan çäksiz buýsanç bar. Goý, türkmen halkymyzyň şöhratly geçmiş taryhyny düýpli öwrenmek babatda alnyp barylýan döwletli işleriň dowamaty hemişe dowam bolsun!
Aşyrbibi Amangeldiyewa,
