JEMGYÝET

Batyr Annaýew Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ulag we aragatnaşyk toplumy boýunça orunbasary wezipesine bellendi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzda 2025-nji ýylda alnyp barylýan işler barada hasabatlar berildi we ýolbaşçylary wezipä bellemek hem-de wezipeden boşatmak baradaky meselelere seredildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, döwlet Baştutanymyz Mämmethan Çakyýewi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ulag we aragatnaşyk toplumy boýunça orunbasary wezipesine Batyr Annaýew bellendi.

Related posts

Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanda iş saparynda bolar

Türkmen halkynyň Milli Lideri:Azerbaýjan bilen gatnaşyklar mundan beýläk-de ösdüriler

Türkmenistanyň ilçisi Ýewropa Geňeşiniň Başlygyna ynanç hatyny gowşurdy