Jemgyýetiň we döwletimiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramak Türkmenistanda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli saglygy goraýyş ulgamyny has-da döwrebaplaşdyrmak üçin täze belent maksatlar we wezipeler goýulýar.
«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyşdurmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy» esasynda, Aşgabatda we welaýatlarda häzirki zaman ylmy-kliniki merkezler, şypahanalar, döwrebap derman kärhanalary, saglyk öýleri gurulýar.
Ýurdumyzyň ýaş nesli hakyndaky alada hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Şol syýasata laýyklykda, sazlaşykly ösýän, beden taýdan sagdyn, ýokary bilimli ýaş nesli terbiýelemäge, çagalaryň ýaşaýyş-durmuşy üçin iň gowy şertleri döretmäge aýratyn üns berilýär. Türkmen jemgyýetiniň ruhy gymmatlyklary, gadymdan gelýän däp-dessurlary we ahlak ýörelgeleri şol syýasatyň esasyny düzýär.
Mälim bolşy ýaly, enäniň we çaganyň saglygyny goramak milli Liderimiziň durmuş ulgamyny nazarlaýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Onuň çäklerinde milli we sebit ähmiýetli onlarça taslamalar hem-de maksatnamalar amala aşyryldy we olar yzygiderli durmuşa geçirilýär.
Türkmenistan 1994-nji ýylda BMG tarapyndan kabul edilen «Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýany» tassyklamak bilen, ösüp gelýän nesilleriň hemmetaraplaýyn kämilleşmegi üçin oňaýly şertleri üpjün etmäge işjeň gatnaşýandygyny nobatdaky gezek aýdyň görkezdi. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen eneleriň we çagalaryň hukuklaryny goramaga gönükdirilen hukuk resminamalarynyň kabul edilmegi, olaryň döwrüň talabyna görä kämilleşdirilip durulmagy, paýtagtymyzda, Arkadag şäherinde welaýat merkezlerinde çaganyň we enäniň saglygyny goraýan «Ene mähri» merkezleriniň hereket etmegi, çaganyň irki döwürden hemmetaraplaýyn kadaly ösüşini, ajaýyp durmuşyny üpjün etmekde zerur şertleriň döredilmegi, şeýle hem köp çagaly maşgalalara durmuş ýeňillikleriniň berilmegi mähriban halkymyzy guwandyrýar we buýsandyrýar.
Türkmenistanyň BMG-niň çaga hukuklary we bähbitleri babatda esasy ýörelgelerine ygrarlydygyny iş ýüzünde görkezmegi ÝUNISEF-niň uly goldawyna eýe bolýar. Munuň şeýledigini milli kanunçylygyň kämilleşdirilişi, meýilnamalaryň çäklerinde ýerine ýetirilýän toplumlaýyn çäreler, şeýle hem Türkmenistanyň 2024 — 2026-njy ýyllar üçin ÝUNISEF-niň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlanmagy hem doly tassyklaýar. Ýurdumyzda çagalaryň şu güni, nurana geljegi barada alnyp barylýan işler BMG tarapyndan kabul edilen 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibinde kesgitlenen Durnukly ösüş maksatlarynyň «Sagdyn durmuşy üpjün etmek we hemmeler üçin islendik ýaşda abadançylyga ýardam etmek» atly üçünji maksadyna ýetmekde aýratyn ähmiýete eýedir.
Çagalaryň jemgyýetde öz ornuny tapmagynda, olaryň saglygyny goramakda, bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde, ýurduň ösüşlerine öz goşantlaryny goşmagyna höweslendirmekde, ählitaraplaýyn ösüşini üpjün etmäge zerur şertleri döretmekde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan nusgalyk işleriň alnyp barylýandygyny aýratyn bellemek gerek.
Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýan kanunçylyk namalarynda çaga hukuklarynyň goragynyň kanuny esaslarynyň, şeýle-de ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn ösüşiniň üpjün edilmegi meselelerine örän jogapkärli hem-de toplumlaýyn esasda çemeleşilýär. Esasy Kanunymyzyň 40-njy maddasynda: «Ata-eneler ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlar çagalaryny terbiýelemäge, olaryň saglygy, ösüşi, okuwy barada alada etmäge, olary zähmete taýýarlamaga, kanunlara, taryhy we milli däp-dessurlara hormat goýmak medeniýetini olaryň aňyna ornaşdyrmaga hukuklydyrlar we borçludyrlar» diýlip berkidilýär. Milli kanunçylygymyzda Konstitusiýadan ugur alýan Türkmenistanyň Zähmet, Maşgala, Ýaşaýyş jaý, Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda Kodeksleri, «Ýaşlaryň zähmet çekmäge bolan hukugynyň kepillendirmesi hakynda», «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda», «Bilim hakynda», «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda», «Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda», «Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we goldamak hakynda», «Hossarlyk we howandarlyk hakynda», «Durmuş hyzmatlary hakynda», «Türkmenistanyň «Arkadag» medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary çagalygy goramagyň, bu ugurdaky işleri höweslendirmegiň kanuny hukuk esaslary bolup durýar. Bu Kanunlara esaslanýan milli strategiýalaryň, maksatnamalaryň we olary amala aşyrmak boýunça meýilnamalaryň kabul edilmegi, durmuşa ornaşdyrylmagy ýurduň geljegi bolan ýaş nesiller hakdaky aladanyň döwlet derejesindedigini tassyklaýar.
Kesellemegiň derejesini peseltmek strategiýasyny tapgyrlaýyn esasda durmuşa geçirýän Türkmenistan sebitde ýaýran köp sanly keselleriň doly aradan aýrylmagyny hem-de täsiriniň peselmegini üpjün etdi. Ilatyň doly immunizasiýa edilmegi netijesinde, ýurdumyzda poliomielit, gyzzyrma, gyzamyk, gyzylja ýaly birnäçe ýokanç keseller düýbünden ýok edildi. Gazanylan üstünlikler degişli halkara güwänamalar bilen tassyklanyldy.
Türkmenistanda enäniň we çaganyň saglygyny goramak boýunça «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolan eneleriň we çagalaryň saglygyny goramakda ähli lukmanlara uly gollanma boldy.
Enäniň we çaganyñ saglygyny goramak boýunça hereket edýän döwlet meýilnamalarynyň çäklerinde beýleki maksatnamalaryň tutuş ulgamy Türkmenistanda eneleriñ we çagalaryñ saglygyny goramaklykda üstünlikli durmuşa ornaşdyryldy. Ulgamyň düzümlerini kämilleşdirmek babatda ýerine ýetirilýän işleriň çäklerinde tutuş ýurdumyzda häzirki zamanyň kämil enjamlary bilen üpjün edilen döwrebap lukmançylyk merkezleri, saglyk öýleri hem-de derman senagatyna degişli desgalar gurulýar. Umuman, saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny we düzümlerini pugtalandyrmak boýunça yzygiderli çäreler görülýär.
Çagalaryň iň arzyly islegleriniň hasyl bolýan ýurdunda ýaşaýan çagalaryň, röwşen geljegimiziň gurujylary bolan ýaş nesilleriň saglygy barada edýän atalyk aladalary üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleri hemişe rowaç bolsun! Goý, ýurdumyzda bagtyýar çagalaryň şadyýan gülki sesleri hemişe belentden ýaňlanyp dursun!
Honçagül Atamyradowa,
I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň “Pediatriýa” dersiniň mugallymy.
