DÜNÝÄ

Gazagystan-Türkmenistan-Owganystan-Pakistan geçelgesi ösdüriler

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Pakistan bilen Gazagystanyň arasyndaky sebitara baglanyşyk meseleleri boýunça Pakistan gazetiniň “The News International” neşirine beren ýörite interwýusynda soraglara jogap berdi. Bu barada Kazinform agentligi habar berýär.

Prezidentiň aýtmagyna görä, sebitara integrasiýa iki ýurduň gün tertibindäki esasy meseleleriň biridir.

— Gazagystan Gazagystan – Türkmenistan – Owganystan – Pakistan geçelgesiniň ösdürilmegine gatnaşmaga taýýar. Biz bu taslamany sebitara integrasiýa we Günorta Aziýanyň bazarlaryna çykmak üçin strategik taýdan möhüm hasaplaýarys. Pakistanyň hem bu strategik taýdan möhüm ugurda ýakyn hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýändigi guwandyryjydyr, — diýip belledi.

Döwlet Baştutany şeýle-de üstaşyr-ulag taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin ähli gyzyklanma bildirýän taraplaryň işjeň we utgaşykly gatnaşmagyna bil baglaýandygyny nygtady.

Ýatladýarys, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew 3–4-nji fewralda döwlet sapary bilen Pakistana barypdy.

Related posts

Gazagystanlylaryň 87%-den gowragy täze Konstitusiýanyň taslamasyny goldady

Ata Watan Eserleri

Hormatly Prezidentimiz Ismail Sabri Ýaakoby gutlady

Ilkinji 3D enjam äleme syýahatyny tamamlady

Ata Watan Eserleri