SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

BSGG-niň ýolbaşçysy çagalar üçin sosial torlarda ýaş çäklendirmelerini girizmäge çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Baş direktory Tedros Adhanom Gebreýesus Ispaniýanyň Premýer-ministri Pedro Sançesiň ýaşlary sosial torlardan goramak baradaky pikirini goldady we bu platformalarda ýaş boýunça çäklendirmeleri girizmäge çagyrdy.

“Platformalar çagalaryň howpsuzlygyny we saglygyny goramak üçin şeýle görnüşde döredilmeli we işleýän bolmaly,” diýip, BSGG-niň ýolbaşçysy “X” jemgyýetçilik torunda habar berdi. Onuň bellemegine görä, “hakyky ýaş çäklendirmelerini ulanmak” zerurdyr.

Gebreýesus ispan Premýer-ministri bilen ylalaşýandygyny belläp, “sosial torlary düzgünleşdirmegiň we jogapkärçiligiň örän möhüm ähmiýete eýedigini” belläp geçdi.

Related posts

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: meşhur ugurlar boýunça gatnawlaryň sanyny artdyrylýar

Abu-Dabi 55 döwlet üçin karantin çärelerini ýatyrar

Bedenimiziň gözelleşmegine täsir edýän miweler