Magistr derejesini almak boýunça Fulbraýt maksatnamasy üçin 2027-2028-nji okuw ýyly üçin açyk bäsleşik
Fulbraýt adyndaky maksatnamasy Türkmenistanyň meşhur ýaş hünärmenlerine 2027-njy ýylyň awgustyndan başlap, ABŞ-nyň belli bir uniwersitetinde magistr derejesini almak mümkinçiligini berýär. Bu maksatnama bir ýa-da iki ýyl dowam eder. Lukmançylyk, weterinar ylymlary, şeýle hem näsaglar bilen ýüzbe-ýüz aragatnaşygy talap edýän hünärlerden başga ähli ugurlar boýunça resminamalar kabul edilýär. Resminamalar 2026-njy ýylyň 31-nji mаýyna çenli kabul edilýär.
Resminamalaryňyzy şu websahypa tabşyryp bilersiňiz: https://apply.iie.org/ffsp2027
Dalaşgärlere bildirilýän talaplar (ähli dokumentler resminamanyň özüne yüklenmelidir):
- Ýokary okuw jaýyny tamamlandygy barada diplom we ýany bilen berilýän transkripsiýa
- СV ýa-da rezýume.
- Ýokary okuw jaýyny tamamlanyndan soň, azyndan 2 ýyl iş tejribesi bolmaly.
- Üç (3) sany hödürnamalar (resminama bilen bilelikde tabşyrylmaly).
- Iňlis dilini ýokary derejede bilmek.
- TOEFL/GRE/GMAT synaglarynyň bahalary (bar bolsa).
Dykgat ediň:
- Tabşyrylýan dokumentleriniň ählisi iňlis dilinde tabşyrylmaly, ýa-da ýanyna iňlis diline edilen resmi terjimelerini çatmaly.
- Ähli beyannamalar asyl görnüşde bolmalydyr we emeli aň ( EA) tarapyndan döredilen ýa-da plagiat edilen beýannamalar bäsleşikden mahrum ediler.
- ABŞ-nyň raýatlary we hemişelik ýaşaýjylary (grin kart eýeleri) bu maksatnama gatnaşmaga hukugy yokdur
- ABŞ-nyp Ilçihanasynyň işgärleriniň garyndaşlary bu maksatnama gatnaşmaga hukugy ýokur
- Dalaşgärler, resminamalaryny tabşyrýan wagtynda, Türkmenistanda ýaşaýan bolmaly.
Gatnaşyjylaryň saýlanylşy:
- 1-nji iýuna çenli: ähli gerekli dokumentleri bilen doldrylan resminamany tabşyrmaly;
- Iýun aýynda: ABŞ-nyň Ilçihanasy resminamalary barlaýar. Bu tapgyrdan geçen dalaşgärlere habar berilýär we olar söhbetdeşlige çagyrylýarlar;
- Iýun aýynyň ikinji ýarym aýy: çagyrylan dalaşgärler bilen söhbetdeşlik geçirilýär;
- Sentýabr-oktýabr aralygy: ABŞ-nyň Ilçihanasy söhbetdeşlik tapgyryndan geçen dalaşgärleri TOEFL, GRE/GMAT synaglaryna registrasiýa etmäge çagyrar. Fulbraýt maksatnamasy synaglaryň tölegini özi geçirýär.
- Oktýabr: ähli tapgyrlardan geçen dalaşgärleriň sanawy Waşington şäherindäki Fulbraýt maksatnamasynyň komiteti tarapyndan gutarnykly netije üçin seredilýär.
Goşmaça maglumat:
TOEFL/GRE/GMAT synaglary barada goşmaça maglumatlary şu websahypalardan görüp bilersiňiz:
- TOEFL: https://www.ets.org/toefl
- GRE: https://www.ets.org/gre
- GMAT: https://www.mba.com/exams/gmat
Ähli dalaşgärlere TOEFL/GRE/GMAT synaglaryna synag geçirilýän wagtyndan has öňtaýýarlyk görmegiňizi maslahat berýäris. Sebäbi bu synaglaryň bahalary uniwersitetler üçin wajyp ähmiýeti bar.
Bu maksatnama boýunça goşmaça soraglaryňyz bar bolsa, ABŞ-nyň Ilçihanasynyň Maglumat we medeniýet bölümine AshgabatEducation@state.gov elektron salgysy arkaly ýüz tutup bilersiňiz.
Resminamalar 2026-njy ýylyň 31-nji mаýyna çenli görkezilen link arkaly https://apply.iie.org/ffsp2027 kabul edilýär.
