BILIM

Türkmenistanda ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesine dalaşgärleri berkitmegiň tertibi

Ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesine dalaşgärler ýokary bilimli bolmalydyrlar.

Aspiranturada doly okuwy geçenler ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesine dalaşgär hökmünde kabul edilmeýär.

Dalaşgärleri kandidatlyk dissertasiýalaryny taýýarlamak üçin berkitmek üç ýyldan köp bolmadyk möhletde amala aşyrylýar.

Bir wagtyň özünde iki ýa-da birnäçe ýokary okuw mekdebinde ýa-da ylmy edarada dalaşgär bolmaga rugsat edilmeýär.

Ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesine dalaşgäriň ýokary okuw mekdebine ýa-da ylmy edara berkidilmegi üçin:

— ýokary okuw mekdebiniň rektorynyň ýa-da ylmy-barlag edarasynyň ýolbaşçysynyň adyna arzasyny;

— hünärine laýyklykda, saýlap alan temasy boýunça ylmy referat;

— ýokary bilimi hakynda diplomynyň nusgasyny (ýokary bilimi daşary ýurtda alanlar degişli diplomynyň we onuň deň derejelidigini tassyklaýan Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan berlen ykrar şahadatnamanyň nusgasy).

— şahsyýetini tassyklaýan resminamany we ýokary bilimi hakyndaky diplomynyň (ýokary bilimi daşary ýurtda alanlar degişli diplomy we Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan berlen we onuň deň derejelidigini tassyklaýan ykrar şahadatnamany) asyl nusgasyny dalaşgäriň özi getirip görkezýär.

Mahabat:

Halkara okuw resminamalaryň terjime hyzmaty : Makul Terjime

Türkiýede bilim almak isleýän talyplaryň resminamalaryň dogry we takyk terjime edilmegi wajyp bolup durýar. Şu maksat bilen Türkiýede we dünýäniň dürli künjeginde bilim almak isleýän talyplar halkara okuw resminamalaryň terjimesi ulgamynda ýöriteleşen “Makul Hyzmat” Terjime Merkeziniň Aşgabat şäherindäki merkezlerine ýüz tutup bilerler.

“Makul Hyzmat” Terjime Merkezi

Aşkabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok,

Makul Hyzmat Ofis, 4. gat, 401

Tel: +993 63 78 96 73 / + 993 12 96 48 55

Elektron pçta salgysy: makulhyzmat@gmail.com

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ylymlaryň doktory alymlyk derejesine dalaşgär hökmünde hasaba almagyň tertibi

Türkmenistanda aspirantura kabul etmegiň tertibi

Russiýanyň ilçisi: rus-türkmen uniwersiteti barada ylalaşyk tamamlaýjy tapgyrda

2026-njy ýylda aspirantura, doktorantura we kliniki ordinatura kabul ediljekleriň sany tassyklanyldy

Türkmenistanda pars dili boýunça Olimpiadany geçirmek teklip edildi

Ata Watan Eserleri

Eýranyň ilçisi pars dili hünärinde okaýan türkmen talyplary bilen duşuşdy