BILIM

Okuwçy we talyplaryñ zähmet işine çekilmegi

“Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” (rejelenen gòrnüşi) Türkmenistanyñ Kanuny kabul edildi we Kanunyñ 57 nji maddasyna  laýyklykda çap edilen güni güýje girdi. Biz Kanunyñ käbir degişli maddalaryny Size ýetirýäris.
Kanunynyñ 23-nji maddasynyñ degişli bölegi
6. Okuw wagtynda we okuwdan daşary wagtda okuwçy we talyp ýaşlaryň zähmet işine çekilmegine ýol berilmeýär. Şeýle iş olar tarapyndan saýlanyp alnan kärlere (hünärlere) laýyk gelýän we okuw-önümçilik tejribeliliginiň görnüşi bolup durýan halatlar ýa-da okuwdan boş wagtynda okuwçy we talyp ýaşlaryň döwlet derejesinde geçirilýän çärelere meýletin köpçülikleýin ýa-da özbaşdak gatnaşmagy bilen baglanyşykly halatlary muňa degişli däldir. Görkezilen zähmet işi Türkmenistanyň zähmet we beýleki kanunçylygyna laýyklykda guralýar we geçirilýär.

Related posts

Ýaponiýada türkmen dilini öwredýän okuw dersleri başlanýar

Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezi

Türkmenistanyň intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy tassyklanyldy