JEMGYÝET

Ärdogan bilen Putin Aşgabatda duşuşar

12-nji dekabrda Aşgabatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan halkara forum geçiriler. Oňa gatnaşmak üçin Türkmenistana geljek Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin halkara dabaralara gatnaşar we birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirer. Bu barada Russiýanyň Prezidentiniň metbugat sekretary Dmitriý Peskow habar berdi.

– Putiniň Aşgabatdaky forumyň çäklerinde Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşygy meýilleşdirildi – diýip, Peskow belledi.

Şeýle hem Wladimir Putiniň Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen duşuşygy hem göz öňünde tutulýar.

Halkara wekilçilikli foruma Russiýanyň, Ermenistanyň, Eýranyň, Yragyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň, Täjigistanyň Prezidentleri, Azerbaýjanyň, Wengriýanyň, Gruziýanyň, Pakistanyň, Mýanmanyň Premýer-ministrleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Wladimir Putin soňky gezek 2024-nji ýylyň oktýabrynda Türkmenistanda saparda bolup, Aşgabatda türkmen akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan foruma gatnaşypdy.

Bu forumyň çäklerinde Putin Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian, Pakistanyň Prezidenti Asif Ali Zardari we Türkiýäniň parlamentiniň ýolbaşçysy Numan Kurtulmuş bilen duşuşypdy.

Ýene-de okaň

Sadyr Žaparow: “Türkmenistan Merkezi Aziýanyň durnuklylygyny berkitmekde esasy orny eýeleýär”

Täjigistan Türkmenistanyň parahatçylyk başlangyçlaryny goldaýar

Putin Türkmenistanyň Prezidentini GDA-nyň sammitine çagyrdy

Prezident Ärdogan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşdy

Özbek Lideri: Gurbanguly Berdimuhamedow oňyn Bitaraplyk pelsepesiniň esaslandyryjysydyr

Mirziýoýew: Özbegistan 2027-nji ýyly “Öňüni alyş diplomatiýa ýyly” diýip yglan eder