JEMGYÝET

Pakistanyň, Azerbaýjanyň we Gruziýanyň Premýer-ministrleri Aşgabada geldi

Şu günler paýtagtymyz Aşgabat halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm meýdançasyna öwrüldi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan halkara wekilçilikli foruma gatnaşmak üçin daşary ýurtly myhmanlaryň gelmegi dowam edýär.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de Halkara Bitaraplyk gününiň dabaralaryna gatnaşmak üçin Pakistanyň Premýer-ministri Şahbaz Şarif, Azerbaýjanyň Premýer-ministri Ali Asadow hem-de Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze Aşgabada geldi.

Hormatly myhmanlara paýtagtymyzyň halkara howa menzilinde Türkmenistanyň resmi adamlary tarapyndan kabul edildi.

Daşary ýurt döwletleriniň hökümet Baştutanlarynyň sapary Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek, birnäçe döwletleriň we halkara guramalaryň wekillerini birleşdirjek Halkara foruma gabat geldi.

Ýokary derejeli myhmanlaryň şeýle ýokary derejeli wekilçilikli foruma gatnaşmagy türkmen Bitaraplyk syýasatynyň aýratyn ähmiýetini we onuň ählumumy derejede ykrar edilýändigini görkezýär.

Related posts

Ankarada kitaplaryň tanyşdyrylyş maslahaty geçirildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň we Kanadanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistan BM’ye uyuşturucu kaçakçılığıyla mücadelesini anlattı

vepa