JEMGYÝET

Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Aşgabada geldi

Ozal hem habar berşimiz ýaly, 12-nji dekabrda paýtagtymyz Aşgabatda BMG tarapyndan yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli halkara wekilçilikli forum geçiriler.

Bu foruma gatnaşmak üçin dünýäniň dürli döwletlerinden prezident, hökümet ýolbaşçylary we ýokary derejedäki ýolbaşçylar Türkmenistana gelýärler.

Foruma gatnaşmak üçin Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýan Aşgabada geldi. Ermenistanyň Prezidentiniň bu sapary türkmen-ermeni gatnaşyklarynyň ýokary derejesini alamatlandyryp, däp bolan dostluk, özara düşünişmek hem-de hormat ýörelgelerine esaslanan gatnaşyklaryň pugtalanýandygynyň subutnamasydyr.

Aşgabatda geçiriljek halkara foruma gatnaşmak üçin Russiýanyň, Gazagystanyň, Eýranyň Prezidentlerine hem garaşylýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda täze milli howpsuzlyk ministri wezipä bellendi

Türkmenistanda 2026-njy ýylda 5300-e golaý täze iş orny dörediler

Türkmenistanda 2026-njy ýylda açyljak desgalar

Türkmenistanda ýolbaşçylary wezipe bellemek boýunça kararlar

Türkmenistanda täze ministrlik döredildi we oňa ýolbaşçy bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine täze ýolbaşçy belledi