DÜNÝÄ

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp FIFA Parahatçylyk baýragynyň ilkinji eýesi boldy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Halkara Futbol Federasiýasy (FIFA) tarapyndan döredilen Parahatçylyk Baýragynyň ilkinji eýesi boldy. Baýrak oňa Waşingtonda geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň bije çekilişi wagtynda gowşuryldy.

Trampyň bellemegine görä, bu baýraga mynasyp bolmak onuň üçin uly hormat bolup durýar. “Men hemmelere minnetdarlyk bildirýärin. Dünýä has howpsuz ýer boldy” diýip, Ak tamyň ýolbaşçysy aýtdy.

FIFA baýragyň döredilendigini 5-nji noýabrda mälim etdi. Ol ýylyň içinde parahatçylygyň hatyrasyna adamlary birleşdirmäge öz beýik işleri we sarsmaz güýçleri bilen goşant goşan şahslara gowşuryljakdygy mälim edilipdi.

2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatyna ilkinji gezek 48 ýygyndy gatnaşar. Ýaryş 11-nji iýundan 19-njy iýula çenli ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriler.

Ýene-de okaň

Özbegistanyň Prezidenti ABŞ-a sapara barýar

Türkmen-eýran gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistan bilen Tailand: migrasiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Gazagystanda okuw maslahatyna gatnaşdy

Täjigistanda ýylyň şygaryna bagyşlanan dabara geçirildi

Ata Watan Eserleri

Köneürgenç etraby 2025-nji ýylyň jemleri boýunça iň gowy etrap diýlip yglan edildi