DÜNÝÄ

Moskwanyň haýwanat bagy Türkmenistana Aýdere atly aýyny sowgat berer

Türkmenistanyň Milli janly tebigat muzeýine (Aşgabat haýwanat bagy) ýakynda Aýdere atly goňur aýy getiriler. Jandar Moskwanyň haýwanat bagy tarapyndan hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň çäklerinde sowgat hökmünde berilýär. Bu barada muzeýiň ylmy geňeşçisi, biologiýa ylymlarynyň doktory Eldar Rustamow habar berdi.

Aýdere bir ýyl mundan ozal Moskwa haýwanat bagynyň Wolokolamsk merkezinden Aşgabat haýwanat bagyna getirlen goňur aýy Sumbar üçin jübüt bolar.

Rustamowyň bellemegine görä, täze getiriljek aýy Sumbar atly aýy bilen bir ýere ýerleşdiriler.

“MIR 24”-iň habar bermegine görä, Moskwa şäherinden Türkmenistanyň paýtagtyna getirilmegi göz öňünde tutulýan nobatdaky haýwanlaryň, şol sanda ýolbarslaryň hem bardygy bellendi.

Ýene-de okaň

Özbegistan-Gazagystan: söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça «ýol kartasyna» gol çekildi

Hindistanly raýat 31 ýurtdan 858 sany kagyz guty ýygnap, rekord goýdy

Türkmen zyýaratçylar Saud Arabystanyda gurbanlyk sadakasyny berdi

BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň ýolbaşçysy bilen gepleşikler

Putiniň Gazagystana sapary: milliardlyk maýa goýumy we sürüjisiz gatnawlar

Türkmenistanyň we Pakistanyň daşary işler ministrleri Nýu-Ýorkda duşuşdy