DÜNÝÄ

Ýaponiýada beýikligi 1,592 metr bolan wulkan atyldy

Ýerli hökümet ýaşaýjylary wulkanyň ýerleşýän ýerine ýakynlaşmazlyga çagyrýar.

Kumamota prefekturasynyň günorta-gündogaryndaky Kýusýu adasynda ýerleşýän Aso wulkany çarşenbe güni atyldy. Bu barada ýurduň milli Meteorologiýa dolandyryşy yglan etdi.

Pidalar ýa-da ýitgiler barada maglumatlar ýok. Mundan başga-da, wulkanyň howa ýollaryna edýän täsiri hem belli däl. Meteorologiýa dolandyryşy howp derejesiniň 5 bal bolan şkalada ikinji derejeden üçünji derejä ýokarlanjakdygyny duýdurdy.

Kraterden 1 kilometr radiusda uly dag jynslary we piroklastik akymlaryň atylmagynyň yzlary göründi. Şeýlelikde, wulkanyň özüne 2 kilometrden gowrak ýakynlaşmak gadagandyr.

Aso ― dünýädäki iň uly wulkanlardan biri hasaplanýar.    

Türkmenistanyň COVID-19-a garşy taýýarlygy güýçlendirilýär

 

Related posts

Horwatiýa ýewro pul birligine geçer

Ata Watan Eserleri

Pakistan TOPH we TOP taslamalaryny goldaýar

Amerikada Green Kart boýunça täzelik bar: “DV-2027” yglan edilermi?

Dr.Döwran Orazgylyjov