DÜNÝÄ

Türkmenistanlylar Raýdaşlyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy türk ilçisi bilen duşuşdy

Türkiýe Respublikasynda iş alyp barýan jemgyýetçilik guramasy bolan Türkmenistanlylar Raýdaşlyk jemgyýetiniň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Dr. Döwran Orazgylyjow Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Togan Oral bilen duşuşdy.

Bu duşuşyk Türkiýe Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynda geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanlylar Raýdaşlyk jemgyýetiniň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Dr. Döwran Orazgylyjow türk diplomatyna jemgyýetiň alyp barýan işleri, döredileninden bäri durmuşa geçiren çäreleri we geljekki maksatlary barada gürrüň berdi. Bu köpçülikleýin çäreleriň dost-doganlyk gatnaşyklaryna ygrarly bolan Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalanmagyna goşant goşýandygy bellenilip geçildi.

Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklar ähli ugurlarda sazlaşykly ösdürilýär. Syýasy, ykdysady we medeni ugurlardaky ikitaraplaýyn döwletara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine hökümetara topary bilen bir hatarda jemgyýetçilik guramalarynyň hem goşandy uludyr.

Mälim bolşy ýaly, Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Togan Oral ýanwar aýynda Türkmenistanyň Prezidentine ynanç hatyny gowşuryp, resmi taýdan diplomatik işine başlady.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Ermenistanyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy

Gyrgyzystan bilen Seýşel adalary wiza düzgünini ýatyrýan ylalaşyga gol çekdiler

Italiýanyň Premýer-ministriniň Azerbaýjana sapary

BMG-niň Türkmenistandaky wekili Azerbaýjana bellendi

Özbegistan Merkezi Aziýanyň bitewi syýahatçylyk halkasyny döretmegi teklip etdi

Türkmenistanyň ilçisi ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi bilen duşuşdy