Her ýylyň 5-nji dekabrynda giňden bellenilýän türk kofesiniň bütindünýä güni paýtagtymyz Aşgabatda bellendi. Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demirokyň guramagynda geçirilen türk kofesine bagyşlanan dabara ýurdumyzdaky daşary ýurtlaryň ilçileri, türk raýatlary, şol sanda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.
“Ata Watan Media” toparynyň hem çagyrylan dabarasynda Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demirok çykyş edip, türk kofesiniň bütindünýäde uly meşhurlykdan peýdalanýandygyny belledi.

– Şu gün, dünýäniň iň gadymy kofe däplerinden birini we Türkiýäniň medeni mirasynyň aýratyn bir bölegini ýatlap geçmek üçin ýörite mümkinçilik döredýär. Kofeniň XVI asyrda Stambula aralaşmak bilen, türk halkynyň sosial we medeni durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrüldi.
Şol döwürdäki türk şäherlerindäki ilkinji kofehanalar diňe bir kofe içilýän ýerler däldi. Olar edebiýatyň, syýasatyň we häzirki meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylýan, köpçülikleýin medeniýetiň kemala gelip başlan sosial we intellektual durmuş merkezleri hökmünde ýüze çykdy.



Wagtyň geçmegi bilen, türk kofesini taýýarlamak we hödürlemek däp-dessury öýde myhman kabul etmekden maşgala ýygnaklaryna, sawçylykda kofe hödürlemek ýaly däpler bilen baýlaşyp, gündelik durmuşyň ähli ugurlaryna aralaşdy. Türk kofesi hormatyň, dostlugyň we birek-birege ynamyň nyşanyna öwrüldi diýip, ilçi belledi.
Şeýle hem ilçi Ahmet Demirok 2013-nji ýylda türk kofe medeniýeti we däp-dessurynyň ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşalandygyny belläp, türk kofesiniň taryhy Ýewropa kofe medeniýetiniň taryhy bilen hem ýakyndan baglanyşyklydygyny aýtdy.
Dabarada myhmanlara türk kofesini taýýarlamak usullary görkezildi we olara türk kofesi hödürlendi. Şeýle hem dabarada myhmanlara hödür-kerem edildi.
