Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) esasy milli baýramlarynyň biri bolan Milli güni paýtagtymyz Aşgabatda bellenip geçildi. Paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmed Al-Haý Hamad Hamis Al-Hameliniň gurnamagynda ýurduň Milli gününiň 54 ýyllygy dabaraly bellendi.
Dabara Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow, daşary ýurtlaryň ilçileri hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.
“Ata Watan Media” toparynyň hem çagyrylan dabarasynda çykyş eden ilçi Ahmed Al Hameli BAE bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar, iki ýurduň Baştutanlarynyň goldawlary bilen hemişe depginli ösüş hem-de ýokary derejeli saparlaryň alşylmagy bilen tapawutlanandygyny belledi.

Şu ýylyň fewralynda BAE-niň wise-prezidenti Şeýh Mansur bin Zaýed Al-Nahaýýan, maý aýynda BAE-niň 3 ministri Türkmenistanda saparda boldy.
Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli derejelerde ýokary ösüş derejesini görkezendigini bellemek gerek: 2024-nji ýylda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygynyň möçberi (nebit däl söwda) 1,759 milliard ABŞ dollaryna deň boldy, bu 2023-nji ýyl bilen deňeşdireniňde 75% ösüşi aňladýar. BAE ýakyn ýyllarda bu görkezijini iki esse artdyrmaga çalyşýar.
BAE 2025-nji ýylyň ilkinji dokuz aýynda Türkmenistanyň söwda hyzmatdaşlarynyň arasynda üçünji orny eýeleýär. Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlyk netijesinde, BAE-niň ýakyn geljekde Türkmenistanyň ikinji ýa-da üçünji söwda hyzmatdaşy bolar, diýip ilçi çykyşynda belledi.
Şeýle hem ilçi şu ýylyň dowamynda ilçihananyň tagallalary bilen energetika pudagynda hem uly ösüşleriň gazanylandygyny, “ADNOC” kompaniýasynyň türkmen bazaryna girendigini aýtdy.

Şol bir wagtda ilçi şu ýylyň maýynda “ADNOC” kompaniýasynyň maýa goýum düzümi bolan “XRG” kompaniýasynyň Malaýziýanyň “Petronas” kompaniýasy hem-de Türkmenistanyň “Türkmennebit” döwlet konserni bilen Hazar deňzinde 1-nji blokda gaz ýataklaryny özleşdirmek boýunça önümi paýlaşmak hakynda şertnama baglaşandygyny aýtdy.
Mundan başga-da, “XRG” kompaniýasynyň, “Petronas” kompaniýasynyň we Türkmenistanyň «Türkmengaz» döwlet konserniniň arasynda uzak möhletli gaz satmak boýunça ylalaşyga gol çekilendigini ýatlap geçdi.
BAE-niň ilçisi Ahmed Al Hameli ulag ulgamynda “Etihad Railways” kompaniýasy bilen Tükrmenistanyň Demirýol ulaglary ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekilendigini, oktýabr aýynda BAE-niň Şarja emirliginde türkmen-emirlikler işewürler forumynyň geçirilendigini aýtdy.
Sport ulgamynda hem neitli gatnaşyklaryň ýola goýlandygyny bellän BAE-niň ilçisi şu ýylyň oktýabrynda Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyň 3-nji fitnes oýunlarynyň guralandygyny, dekabr aýynda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň ABbu-Dabidäki welosport hepdeliginiň çäklerinde “Gran Fondo” ýaryşyna gatnaşjakdygyny belläp geçdi.
BAE-niň ilçisi Ahmed Al Hameli öz ýurdunyň ykdysayd üstünlikleri barada hem belläp, şu maglumatlary ýetirdi: ” Birleşen Arap Emirlikleri durnukly ykdysady ösüşiň öňdebaryjy dünýä nusgasyna öwrüldi: ýurduň daşary söwda möçberi 2024-nji ýylda 1 trillion 424 milliard ABŞ dollaryna ýetdi. 2025-nji ýylyň birinji ýarymynda bu görkeziji rekord derejelere ýetip, 470,3 milliard ABŞ dollaryndan geçdi. BAE-niň daşary söwdasynyň ösüşi bir ýylda 24,5% deň boldy”.
Şeýle hem ilçi öz ýurdunyň raýat awiasiýasy ulgamynda gazanan üstünlikleri, şol sanda BAE-niň amala aşyrýan halkara ynsanperwerlik gatnaşyklary barada durup geçdi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow hem öz gezeginde türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan BAE-niň ýolbaşçylaryny milli baýramy bilen gutlady.
Ol öz çykyşynda Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky gatnaşyklaryň okgunly ösüşe eýedigini belläp, iki ýurduň arasyndaky hökümetara toparyň gatnaşyklaryň ösdürilmeginde möhüm orun degişlidigini aýtdy. Munuň mysaly hökmünde nebitgaz senagatyndaky, elektrik energetikasyndaky, ulag we logistika ulgamyndaky, şeýle hem beýleki pudaklardaky bilelikdäki taslamalary görkezip bileris, diýip ministr belledi.
Dabarada esasy çykyşlar tamamlanandan soňra myhmanlara hödür-kerem edildi.
