SIZDEN GELENLER

Türkmen halk döredijiligi: milli ruhumyzyň çeşmesi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary we hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda şöhratly taryhymyzy düýpli öwrenmek we dünýäde wagyz etmek, dünýä medeniýetiniň kemala gelmegine hem-de baýlaşmagyna uly goşant goşan halkymyzyň özboluşly, gaýtalanmajak maddy hem-de ruhy gymmatlyklaryny aýap saklamak boýunça guwandyryjy işler durmuşa geçirilýär.

Halk döredijiligi — jemgyýetiň müňýyllyklaryň dowamynda döredip, nesilden-nesle geçirip gelen ruhy we medeni mirasynyň möhüm bölegidir. Ol halkyň dünýägaraýşyny, durmuşyň many-mazmunyny, zähmetini, arzuwlaryny hem-de duýgy dünýäsi bilen bagly gymmatlyklary özünde jemleýär. Halk döredijiligi diňe bir edebi ýa-da sungat görnüşi däl, eýsem halkyň taryhyny, aň-düşünjesini, ýaşaýşyny beýan edýän baý çeşmedir.

Halk döredijiliginiň aýratynlyklary

Halk döredijiliginiň esasy aýratynlygy — onuň anonimligidir. Dürli aýdymlar, ertekiler ýa-da dessanlar anyk bir döredijisi bolmazdan, köpçülik tarapyndan döredilýär. Şonuň üçin hem bu eserler halkyň umumy ruhy tejribesiniň miwesi hasaplanyldy. Şeýle hem halk döredijiligi dilden-dile geçip, döwrüň talaplaryna we şertlerine görä üýtgäp, baýap durýar.

Döredijilik görnüşleri

Halk döredijiligi birnäçe görnüşe bölünýär:

Ertekiler, rowaýatlar, matallar, nakyllar, santalar, dessanlar.
Aýdym-saz döredijiligi – halk aýdymlary, mukamlar, bagşyçylyk sungaty.
Däp-dessurlar – toý däpleri, millî oýunlar, dabaralar, baýramçylyk çäreleri.
Milli sungat – halyçylyk, çeper tikinçilik, metal işlemek, agaç oýmak we beýleki el hünärleri.

Bu görnüşleriň hemmesi halkyň gündelik durmuşyna berk ornaşyp, onuň medeni ösüşine uly täsir edýär.

Halk döredijiliginiň jemgyýetdäki orny

Halk döredijiligi halkyň taryhy ýadyny gorap saklaýar. Ertekiler we rowaýatlar çaganyň terbiýesinde, adamkärçilik, dogruçyllyk, batyrlyk ýaly gymmatlyklary ösdürmekde möhüm rol oýnaýar. Dessanlar we nağmalar bolsa halkyň gahrymançylygyny, watansöýüjiligini we başdan geçiren waka-hadysalaryny nesilleriň ýadyna salýar. Şeýlelikde, halk döredijiligi halkyň ruhy dünýäsi bilen birleşýän bir jebislik emele getirýär.

Medeniýet — döwrüň hem jemgyýetiň ruhy sütüni, ynsan durmuşynyň ýeten derejesiniň we geljeginiň keşbiniň aýdyň beýany. Medeniýeti öwreniş ylmynda «Medeniýetiň filosofiýasy» diýen düşünjä gabat gelinýär. Medeniýetiň filosofiýasy adama öz içki dünýäsini tapmakda, durmuşa döredijilikli garamakda, pähim-paýhasa ýol açmakda, adamzadyň öz bagtyny tapmagynda esasy daýanç çeşmesi bolup durýar. Pähim-paýhasa bolan ýol adamdan ruhy ösüşi talap edýär. Pelsepeçiler  kalbyň açyklygy adamyň gözellige bolan gatnaşygyny görkezýändigini, ynsanperwerligiň şol gatnaşyklaryň esasyny düzýändigini belleýärler. Milli medeniýetimizi, halk döredijilik eserlerimizi ylmy esasda öwrenmek bilen bir hatarda olary ýaşlara öwretmek asylly ýörelgämiz bolup durýar. Şunda halk döredijilik eserleriniň hem, halk döredijilik eserleri bolan dessanlaryň hem uly ähmiýete eýedigini bellemek gerek.

Halk döredijiligi — halkyň ýüreginden, zehininden we taryhyndan çykýan öçmejek mirasdyr. Ol her döwürde öz ornuny saklap, täze nesilleri ruhlandyrýar, döredijilik ukybyny ösdürýär. Halk döredijiligini öwrenmek, goramak we ösdürmek diňe bir medeni borç däl, eýsem milletimiziň özboluşlylygyny saklamagyň möhüm ýoludyr.

Ahun Suhrapow,

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy.

Ýene-de okaň

Bitaraplyk-mukaddes gymmatlyk

Energetika howpsuzlygy – ýangyç-energetika toplumynyň möhüm ugry

Ýangyç-energetika toplumy — ykdysady ösüşiň binýady

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady

Ylym-bilim – jemgyýetiň hazynasy

Bilim — bagtyýarlygyň binýady