Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna amala aşyran döwlet sapary uly üstünliklere beslenip tamamlandy. Daşkent şäherinde ýokary derejedäki türkmen-özbek gepleşikleri üstünlikli tamamlandy.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýow ikiçäk we giňeldilen düzümlerde gepleşikler geçirdiler, olaryň dowamynda türkmen-özbek dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da giňeltmegiň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Döwlet Baştutanlary sanly ulgam arkaly bilelikdäki serhetýaka söwda merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdylar.
Özbek Lideri tarapyndan Türkmenistanyň Prezidentine dabaraly ýagdaýda “Ýokary derejeli dostluk” ordenini gowşurdy.
Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň Prezidentleri ýokary derejedäki gepleşikleriň jemleri boýunça bilelikdäki Beýannama gol çekdiler, şeýle hem iki ýurduň hökümet wekiliýetleriniň arasynda resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi.
Daşkentde amala aşyran saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyna hem gatnaşdy.
Saparyň maksatnamasy tamamlanandan soň, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň Prezidentini Daşkent şäheriniň halkara howa menzilinden ugratdy.
